Metbugat habarlary: Türkmenistan Türki döwletler guramasynyň agzasy bolar
Türk ministrine görä, Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna agzalygy guramanyň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek sammitinde tassyklanar.
2021-nji ýylda Türkmenistan TDG-a synçy agza hökmünde kabul edildi.
Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar. Gurama, ilkibaşda, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda esaslandyryldy.