Angliýanyň şasy Ýelizaweta II aradan çykdy
"Şa aýal şu gün öýlän Balmoralda rahat ýagdaýda aradan çykdy" diýip, patyşa maşgalasy beren habarynda aýdylýar.
Onuň uly ogly Çarlz, Uelsiň öňki şazadasy, täze şa hökmünde ýurtda tutulýan ýasa ýolbaşçylyk eder.
Ýelizaweta II lukmançylyk gözegçiligindedi. Ol birnäçe aýa çeken saglyk kynçylyklaryny başdan geçirdi: 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ol, sekiz ýyldan soň ilkinji gezek, London hassahanalaryň birine ýerleşdirilip, şol ýerde bir gününi geçirdi.
Lukmanlaryň talaby esasynda ol uzak aralyga syýahat etmekden wagtlaýyn saklandy we köpçülige eli hasaly çykyp başlady.
Şa aýalyň çagalarynyň we şa maşgalasynyň beýleki agzalary öňünden Balmoral galasyna ýygnandy.
Ýelizaweta II iýun aýynyň başynda tagta çykmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gowy gatnaşyp bilmedi, 2022-nji ýylyň iýul aýynda bolsa Birmingemde Arkalaşygyň oýunlarynyň açylyş dabarasyna meýilleşdirilen saparyny goýbolsun etdi.
Geçen hepde şa aýal daglylaryň Şotlandiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Bremorda geçirilen oýunlaryny görmäge baryp bilmedi.