Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlygyň idegsiz itlere degişli sowallaryna jogap berdi

Itlere rehimsizligi gadagan edýän kanuny kabul eden Türkmenistan, köçelerde her gün tutulýan we öldürilýän, kapasalara we plastik paketlere salnyp, uzak wagtlap agyr ölüme sezewar edilýän öý haýwanlaryna rehimsizligiň dowam etmegini äsgermezlik edýär. Bu aralykda, itler baradaky kanunyň kabul edilmegi, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň öý haýwanlaryna rehim-şepagaty wagyz edýän çärelerine gabat geldi.


17-nji awgustda Änewde ýerleşýän "Arassa penje" we "Ömür ber" atly iki sany hususy penahanalara ÝB-niň wekiliýetiniň işgärleri we meýletinçiler tarapyndan sapar edildi. Ýerli media serişdeleriniň habar berişi ýaly ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen bilelikde bu penahanalarda saklanýan haýwanlar üçin azyk we derman sowgat beripdir.


ÝB-niň Aşgabatdaky wekiliýetiniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, olar baryp görmek üçin haýwanlara gowy garaşyk etmekde ýokary baha berlen penahanalary saýlapdyr.




ÝB-niň Aşgabatdaky wekiliýeti Azatlygyň soraglaryna elektron poçta arkaly ýazmaça jogap berdi. Redaksiýa we wekilhananyň metbugat sekretary soraglar we jogaplar bilen birnäçe gezek habar alyşdy. 22-nji awgustda Azatlyga ÝB wekiliýetinden goşmaça soraglara jogap gowuşdy. Soraglar we jogaplar üýtgemezden çap edilýär.


Azatlyk Radiosy: ÝB-niň wekiliýeti Aşgabadyň demirgazygynda itleriň we pişikleriň köp mukdarda getirilip, iýmitsiz we suwsyz ölýän "Angar" diýilýän ýer barada eşitdimi? Şeýle bolsa, kampaniýa şu ýere barmaga synanyşdymy?


ÝB-niň wekiliýeti: ÝB-niň delegasiýasy "Angaryň" töweregindäki ýagdaýdan habarly. Has giňişleýin düşündiriş aşakda.


Azatlyk Radiosy: Näme üçin kampaniýa diňe “haýwanlara bolan garaýyşlary bilen giňden tanalýan” penahanalara baryp görmek kararyna geldi?


ÝB-niň wekiliýeti: Kampaniýanyň maksady öý haýwanlaryna we haýwanlara hoşniýetliligi wagyz etmek we köpçülikleýin mahabatlandyrmak, şeýle hem ýerli jemgyýeti öýsüz haýwanlaryň gaçybatalgasy üçin mobilizlemekdi. ÝB-niň wekiliýetiniň işleri wagtlaýyn ynanylan hanym Renata Wrubeliň aýdan sözünde aýdylyşy ýaly “Biziň maksadymyz haýwanlara we öý haýwanlaryna ideg etmegiň adamlary has açyk we gowy edýändigini görkezmekdi ... Öý haýwanlarymyz we haýwanlarymyz emläk däl-de, janly jandarlar. Çagalara öý haýwanlaryna ideg etmegiň we ähli haýwanlara hoşniýetli bolmagyň gündelik durmuşymyzyň bir bölegi bolmalydygyny görkezmek gaty möhümdir. Haýwanlaryň abadançylygy we idegsiz haýwanlar babatynda adamkärçilikli syýasatyň işlenip, düzülmegi döwletiň jogapkärçiligidir. Haýwanlara ideg etmek islendik sagdyn jemgyýetiň durmuşynyň bir bölegidir”.




Azatlyk Radiosy: Näme üçin ÝB-niň delegasiýasy diňe türkmen hökümetiniň kanun kabul edenden soň haýwan hukuklary bilen gyzyklandy? Näme üçin mundan öň däl, ýogsa Türkmenistanda itler we pişikler ençeme ýyl bäri öldürilýär?


ÝB-niň wekiliýeti: ​Kampaniýa ýylyň başyndan bäri meýilleşdirilýär. Bu kanunyň kabul edilmegine gabat geldi. Şeýle-de bolsa, institusional derejede bolmasa-da, ÝB-niň wekiliýetiniň we ÝB-niň aragatnaşyk bölüminiň öňki işgärleri haýwanlaryň hukuklaryny goramak işine işjeň gatnaşdylar. Geçmişde ÝB-niň wekiliýeti we ÝB-niň aragatnaşyk bölüminiň öňki işgärleri Türkmenistanyň hökümetiniň ministrlik derejesinde haýwan hukuklaryny öňe sürmek meselesini gozgadylar. Mysal üçin, 2019-njy ýylda ÝB bilen aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçylary idegsiz haýwanlaryň öldürilmegine alada bildirdi we bu tejribäniň bes edilmegini talap etdi. ÝB-niň aragatnaşyk bölümi haýwanlary goraýjylar bilen yzygiderli maslahatlaşýardy we haýwanlaryň gaçybatalgalaryna baryp gördi.


Ozal habar berlişi ýaly, 1-10-njy awgust aralygynda ÝB-niň wekiliýeti yglan eden kampaniýasynda Türkmenistanyň raýatlaryny öz öý haýwanlaryna ýa-da eýesiz galan haýwanlara ideg edýän suratlaryny we wideolaryny Instagram-da ýerleşdirmäge çagyrdy. Habarda "öý haýwanlaryna has mähirli bolmak" çagyryşy edildi we Türkmenistanda "It köpeltmek we kinologiki işler" baradaky ýakynda tassyklanan kanuna goldaw mälim edildi.


Itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň teksti 26-njy iýulda döwlet metbugatynda çap edildi. Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri ýurtda haýwanlara edilýän zalymlyk baradaky habarlary äsgermezlik etmegini dowam etdirýärler.


ÝB-niň wekilleriniň itler üçin penahanalara saparynyň öňüsyrasynda Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky haýwanlary goraýjylar itleriň tutulmagy we öldürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly wakany habar berdiler. Aktiwistler problemaly ýerlere baryp görmegiň hakyky meseleleri ýüze çykaryp, rehimsizligiň soňuna çakmak üçin goşant goşup biljekdigine, şeýle-de daşary ýurtly wekilleriň haýwanlara rehim-şepagat meselesine üns bermeginiň Türkmenistanda haýwanlara zulum edilmeginiň öňüni alyp biljekdigine umyt bagladylar.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net