Gazaklar weteran oppozisiýa syýasatçysy Tursymbaýew bilen hoşlaşdylar
Tursymbaýew 75 ýaşynda ýürek keselinden ýogaldy.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we öňki prezident Nursoltan Nazarbaýew Tursymbaýewiň garyndaşlaryna ýazmaça gynanç hatyny iberdiler.
Russiýada doglan Tursymbaýew 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, nebite baý Gazagystan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, premýer-ministriň orunbasary, oba hojalygy ministri, sebit häkimi, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Türkiýedäki ilçi ýaly, dürli derjedäki ýokary wezipelerde işledi.
Tursymbaýew 1999-njy ýylda oppozisiýa goşuldy we şondan bäri garaşsyzlykdan soňky ilkinji prezident Nazarbaýewi we onuň oruntutary Kasym-Žomart Tokaýewi berk tankytlaýardy.