Tähran Ruşdä edilen hüjümde onuň özüni günäkärleýär
Tähran ýazyjynyň pyçaklanmagy bilen bagly 15-nji awgustda bildiren ilkinji reaksiýasynda Nýu-Ýork ştatynyň günbatar böleginde üç gün ozal bolup geçen hüjüm bilen ol ýa-da beýleki görnüşdäki baglanyşygy “düýbünden” inkär etdi.
Ruşdi 14-nji awgustda emeli dem aldyryş ýagdaýyndan çykaryldy we Çatakua institutynda döredijilikli pikir azatlygy temasyndan çykyş etmäge taýynlanýan wagtynda edilen pyçakly hüjümde alan agyr ýaralaryndan soň, ilkinji gezek gürläp bildi.
Tähran ilki bu hüjüm barada dymdy, emma ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken, bu hüjüm babatdaky reaksiýasy üçin, Eýranyň döwlet metbugatyny ýazgaryp çykyş etdi.
"Eýranyň döwlet edaralary ýyllar boýy Ruşdä garşy zorluga meçew berdi we döwlet bilen baglanyşykly habar beriş serişdeleri ýakynda onuň janyna kast etmek synanyşygyna heşelle kakdy” diýip, Blinkeniň 14-nji awgustda, giçlik eden beýanatynda aýdylýar. “Bu ýigrenji” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“Şeýtan aýatlary” diýen at bilen çap edilen gapma-garşylykly romanyň awtoryna hüjüm etmekde aýyplanan 24 ýaşly adam, Hadi Matar özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy. Prokuror onuň hüjümini adam öldürmek maksady bilen “öňünden meýilleşdirilen” jenaýat diýip atlandyrdy.
Mataryň sosial media hasaplary onuň şaýy ekstremizmine we Yslamçy rewolýusiýa gorag korpusynyň alyp barýan işlerine duýgudaşdygyny görkezdi diýip, NBC News hukuk goraýjy edaranyň resmisine salgylanyp habar berdi.