Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Andijanyň häkimiýetleri kärendeçi daýhanlaryň hasabyna garyplygy azaltmak kararyna geldi

Özbegistanyň Andijan welaýatynyň Buston etrabynyň häkimi Sanobar Nosirowa daýhanlara her gektara eken bugdaýdan, 300 müň sum etrap häkimligine bermelidigini tabşyrdy. Onuň aýtmagyna görä, bu pul girdejisi az bolan maşgalalara paýlanar.


Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeş bolan daýhanlar häkimiýetlerden şeýle buýrugyň kanunydygyny düşündirmegi talap edýänleriň "gara sanaw" diýilýänine goşulýandygyny öňe sürdüler.


Azatlyk bilen gürleşen on gowrak daýhan etrap we sebit administrasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan yzarlanmagyndan gorkup, redaksiýamyzdan atlaryny aýtmazlygy haýyş etdi.


Daýhanlaryň aýtmagyna görä, etrabyň häkimi Sanobar Nosirowa daýhanlaryň işine goşulmakdan we bikanun işleri ýerine ýetirmäge mejbur etmekden el çekmän gelýär.


– Häkim mart-aprel aýlarynda her bir kärendeçi daýhany her gektar ekin ýeri üçin, 50 müň sum çek ýazmaga mejbur etdi. Nädip-de bolsa, ol puly onuň üçin ýygnadyk. Indi bolsa bizi bugdaý hasylyndan soň, boş galan her gektar ýer üçin, 300 müň sum ýygnamaga mejbur edip, ol puluň girdejisi az maşgalalara paýlanjakdygyny aýdýar. Şeýle görkezmeleri häkim ýygnaklarda-da, daýhanlaryň her biri bilen ýüzbe-ýüz duşuşygynda-da aýdýar. Mysal üçin, men 20 gektar meýdanda bugdaý eken bolsam, 6 million sum (takmynan 600 dollar) etrap häkimligine tabşyrmaly. Bize bu puly massiwleriň başlyklaryna tabşyrmak tabşyryldy, olaram öz gezeginde bu puly häkime berer. Muňa jenaýat aýyplamalary diýilýär. Meni geň galdyrýan zat, muny etmekden häkim gorkmaýar. Eger etrabymyzda 3-4 müň gektar ýer bolsa, onda kärendesine ýer alýan daýhanlaryň etrap häkimligine näçe pul tabşyrýandygyny hasaplaberiň – diýip, bustonly kärendeçileriň biri aýdýar.


Buston sebitinden bolan başga bir daýhan ýygnalýan pullar barada, etrapdakylaryň hiç haçan hasabat bermeýändigini öňe sürýär.


– Aslynda muňa aldaw diýilýär. Eger daýhanlar bugdaýdan gowy girdeji gazansalar girdejisi ýeter-ýetmez maşgalalara bugdaý ýa-da pul görnüşinde maddy kömek berýärler. Ýygnalýan puluň nirä we kimiň jübüsine gidýändigine hemmeler gowy düşünýär. Mundan başga-da, häkimiň şeýle görkezmeleri jenaýat hasaplanýar. Häzir etrabymyzdaky daýhanlaryň bir bölegi pul tabşyrypdyr, beýleki bölegi bolsa häkimlikden gaçýar – diýip, bir daýhan aýtdy.


Mundan daşary-da, Buston etrap häkimi her bir daýhan hojalygynyň öz ýerinden 10 göterimini etrap goraghanasyna meýletin geçirmek üçin, ýazmaça ýüz tutmagy tabşyrandygyny Azatlyga gürrüň berdiler. Daýhanlara bu ýerleriň az girdejili maşgalalaryň arasynda paýlanjakdygy aýdylypdyr.


– Etrap başlygy, prokuror we polisiýa bölüminiň ýolbaşçysy massiwlere aýlanyp, daýhanlara 10 gektar ýeri ilata, has takygy, işsizlere paýlamagyň zerurlygy barada, prezidentden ýörite görkezmäniň bardygyny aýdýarlar. Döwlet ýeri daýhanlara kärendesine berýär. Häkimiýetleriň döwletiň zerurlyklary üçin, ýeri yzyna alyp bilýän kanuny prosedurasy bar. Emma kanuny sowatlylyk bolmandygy üçin, olar bu düzgüni ulanmaýarlar, ikinjiden, kärendeçi daýhanlaryň hukuklaryny bozýarlar – diýip, ýene bir daýhan aýdýar.


Azatlygyň redaktorlary Buston etrabynyň häkimi Sanobar Nosirowa jaň edip gürleşip bilmediler, sebäbi ýolbaşçynyň telefony elmydama kesilgi dur.


Etrap häkiminiň oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasary Zokirjon Darmonow her gektar ýer üçin daýhanlardan 300 müň sum ýygnalýandygy baradaky maglumaty ret etdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde daýhanlardan kärende ýerleriniň 10 göterimini döwlet goraghanasyna meýletin geçirmek üçin, arza ýazmagy haýyş edilýändigi baradaky maglumaty tassyklady.


​– Prezident garyplygy azaltmak üçin, ol ýerleriň berilmegini soraýar. Biz diňe daýhanlardan bu ýerleri bermegini soraýarys, ýöne hiç kime zorluk çäresini ulanmaýarys. Olar bize ol bölegi bermeli. Eger meniň ýerim bolsa, öz-ä ýerimi höwes bilen bererdim. Biz daýhanlardan ýerlerini nätanyş adamlara bermegini soramaýarys, ol ýerleri öz obadaşlaryna, girdejisi az maşgalalara bermegini soraýarys. Bar ýer daýhanlaryň ygtyýarynda bolsa, eýsem başga kimden ýer alyp bileris? – diýip, Buston etrabynyň häkiminiň orunbasary aýdýar.


Näme üçin etrap häkimligi diňe kärendeçi daýhanlardan ýer alýar-da, maldarçylyk we miwe öndürýän toparlardan ýer talap etmeýändigi barada, biziň žurnalistimiziň beren soragyna Zokirjon Darmonow şeýle jogap berdi:


– Häkimiýetler bizden beýle toparlaryň ýerlerine degmezligimizi talap edýärler, sebäbi olaryň ýerleri mal we gök önüm ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenipdir. Olar pagta we bugdaý ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýerleri almagy tabşyrdylar – diýdi.


Kärendeçi ýerlerini girdejisi az maşgalalara paýlamak tejribesi Özbegistanda prezidentiň geçen ýylky beýanyndan soň başlandy.


2021-nji ýylyň iýun aýynda, ilaty iş bilen üpjün etmek baradaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine bagyşlanan wideo konferensiýada, prezident Şawkat Mirziýoýew girdejisi az maşgalalara ýer paýlamagyň zerurlygyny aýtdy.


“Biz taryhy karar kabul edýäris. Biz ýerleri halka paýlarys. Ýerler 10 ýyl möhlet bilen kärendesine berler, ony girdejisi az maşgalalar hem işsiz raýatlar alarlar. Olar bu ýerlerden diňe bir ýyl hasyl almazlar, biz olardan ösdürip ýetişdiren bugdaýyny almarys.


Biziň indiki wezipämiz diňe ýer paýlamak däl, eýsem olara şol ýerlerden nädip girdeji gazanmalydygyny öwretmeli. Döwür özgerip barýar, biz döwürden yza galmaly däldiris. Olaryň öndüren önümlerini satyn almak üçin, ulgam döretmek zerur" diýip, prezident şol çykyşynda aýtdy.


Prezidentiň şol beýanatyndan soň, respublikanyň ähli çäginde kärendeçi daýhanlar öz ýerini girdejisi az bolan maşgalalara paýlap başladylar. Şeýle-de bolsa, özbek häkimiýetleri daýhanlardan ýa-da telekeçilerden ýer almak üçin, kanuny mehanizm döretmedi. Netijede, bu çäre täze hukuk meseleleriniň döremegine getirdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net