Türkmen gazyny Azerbaýjana eltjek geçirijiniň gurluşygy tamamlanýar
Bu geçiriji Eýranyň Türkmenistan bilen alyş-çalyş şertnamasy boýunça, Azerbaýjana gaz ibermek meýilnamasynyň çäginde gurulýar.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň bölüm müdiri Mohammad Reza Joulaýiň sözlerine görä, 150 kilometr aralyga uzaýan Raşt-Çelawand geçirijisi basym gaz geçirmäge taýýar ediler.
Raşt-Çelawand gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi. Emma onuň gurluşygy 2021-nji ýylyň noýabr aýynda, Azerbaýjan -Eýran -Türkmenistan tarapyndan baglaşylan üçtaraplaýyn şertnama gol çekileninden soň güýçlendirildi.
Bu şertnama esasynda Aşgabat ýylda 2 milliard kub metre çenli tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ibermekçi bolýar.