Prezident ogly bilen kenarda gezim etdi, raýatlar çäklendirmeleriň köpelendigini aýdýarlar
Türkmenistanyň prezidenti häzir dynç alyşda we mundan öň onuň Hazar kenarynda bina edilen “Rowaç” kottejler toplumyny dabaraly ýagdaýda açandygy habar berildi.
Türkmen metbugaty onuň ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändigini aýdýar.
Prezidentiň göreldesine eýerip, ýurduň ýolbaşçylar düzüminiň “Awazada” dynç alýan wekilleri hem köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerine gatnaşdylar diýip, habarda aýdylýar.
Azatlygyň ýerli habarçylary hökümet ýolbaşçylarynyň "Awazada" dynç almagynyň raýatlar üçin dürli çäklendirmeleriň girizilmegine, VPN ulanýanlara garşy alnyp barylýan göreşiň güýçlenmegine getirendigini aýdýarlar.