Howpsuzlyk meseleleri boýunça ABŞ-Türkmenistan iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi
Resmi maglumata görä, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar barada hem gürrüň edildi.