Hindistanda jelephana döretmekde aýyplanyp türkmenistanly jübüt saklandy
Derňewiň maglumatyna görä, 47 ýaşly Ahmet Meredow we onuň 37 ýaşly aýaly Aziza Jumaýewa Nýu-Delide jelephanany döredip, ol ýerde daşary ýurtly aýal-gyzlary tenini satmakda ulanypdyrlar.
Derňewçiler bu işde türkmenistanly jübütler bilen birlikde şärik bolmakda aýyplanyp, Hindistanyň iki raýatynyň we Özbegistanyň 47 ýaşly bir raýatynyň hem saklanandygyny aýtdylar.
Jelephanada işledilen aýal-gyzlaryň ählisiniň daşary ýurtlydygy aýdylsa-da, olaryň haýsy döwletleriň raýatydygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Türkmen metbugatynda bu waka barada maglumat berilmeýär.