Serdar Berdimuhamedow Gürjüstanyň premýer-ministrini kabul etdi
Gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy, taraplar sebitdäki üstaşyr-ulag gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmek barada baglaşylan ylalaşygyň ähmiýetini bellediler.
Şu ýyl iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenilýär diýip, habarda aýdylýar.