Şwed kazyýeti Eýranda syýasy tussaglary gynan öňki resmini ömürlik tussaglyga höküm etdi
61 ýaşly Hamid Nuri 2019-njy ýylda Stokgolm howa menzilinde tussag edildi. Ol 1988-nji ýylda Eýranyň Karaj şäherindäki Gohardaşt türmesinde syýasy tussaglary köpçülikleýin öldürmek we gynamak bilen baglylykda uruş jenaýatlarynda aýyplanýar.
Bu ganhorlyk Eýranyň ýolbaşçylaryny weziplerinden agdaryp, öz hökümetini gurmakçy bolan syýasy-söweşiji guramanyň, Eýranyň Halk Mujahedininiň agzalaryny nyşana aldy.
Bu topar şol wagt Eýran bilen uruýan yrak goşuny bilen hyzmatdaşlyk edýärdi diýip, Şwesiýanyň prokurorlary Eýranyň şol wagtky ýokary lideri Aýatolla Homeýniniň ýurduň türmelerinde saklanylýan we Mujahedin guramasyna duýgudaşlyk bildirip, oňa wepadar bolup galan ähli tussagyň jezalandyrylmagyny buýrandygyny aýtdylar.
2021-nji ýylyň awgust aýynda başlanan kazyýet işi häzirki hökümet işgärleriniň, hususan-da prezident Ebrahim Raisiniň 1988-nji ýyldaky jezalandyrmalarda oýnan roly bilen baglylykda, Eýranda ynjyk mesele bolup durýar.
Eýranyň kazyýet ulgamynyň öňki başlygy Raisi özüniň bu ganhorlyga gatnaşandygyny inkär etdi, Eýran Nuriniň kazyýet işini “bikanun” diýip atlandyrdy.