Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Lebap: haj zyýaratyna iberilen 44 adamyň aglabasy öňki wezipeli adamlar ýa-da telekeçiler

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Lebap welaýatyndan haj zyýaratyna 44 raýatyň iberilendigini we olaryň aglabasynyň öňki wezipeli resmilerdigini ýa-da telekeçilerdigini anyklady.


“Bu ýyl Lebap welaýatyndan 44 adama Mekge we Medine şäherlerine gitmek miýesser etdi” diýip, sebitdäki çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.


Bu ýyl haja gitmek mümkinçiligine eýe bolan lebaply ýaşaýjylaryň aglabasy sebit merkezi Türkmenabatdan saýlanyp alyndy we olaryň hem aglabasy “täsirli adamlar, ýa-da öň ýokary wezipelerde işlän adamlar, galanlary telekeçiler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.


Onuň maglumatlaryna görä, “döwlet howandarlygynda haj parzyny berjaý etmek üçin” Türkmenabatdan 30 adam saýlanyp alnypdyr.


Ilatynyň aglabasy musulmanlardan bolan dünýewi Türkmenistanyň hökümeti haj zyýaratyny her ýyl berk döwlet gözegçiligi astynda guramalaşdyrýar.




Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň permany bilen bu ýyl 275 türkmenistanly haj zyýaratyna iberildi. Şeýle-de, ýurduň milli daşaýjysy bolan “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany patyşalygyna mugt äkidip-äkelmek tabşyryldy. Permana laýyklykda zyýaratçylaryň ýol çykdajylary agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.


Öňki emeldarlar, täsirli adamlar we telekeçiler döwlet hasabyna haja gitmek mümkinçiliginden peýdalanýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary haj nobatyna öňden bäri garaşýan adamlaryň “pulsuzlyk” sebäpli haj parzyny berjaý edip bilmeýändiklerini aýdýarlar.


Din ulamalary yslamda haj parzynyň gurby çatýan adamlara parz yglan edilendigini aýdýarlar. Azatlygyň çeşmeleri Türkmenistanda haj zyýaratynyň töweregindäki parahorlygyň dowam edýändigini habar berýärler.


“Haja gidýän adamlar puly bar adamlar, olaryň arasynda täsirli adamlar, telekeçiler bar. Olarda hemişe para berip gitmek mümkinçiligi köp. Ýönekeý adam Türkmenabat şäher häkimligine baryp, haja gitjek diýse, ‘indiki ýyl size hökman nobat ýeter’ diýip, ýalan wadalar bilen yzyna gaýtaryp goýberýärler” diýip, lebaply çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Türkmenabat häkimliginde haj zyýaraty boýunça ýörite topar döredilipdir. Topar dalaşgärleriň arasyndan Mekge we Medine şäherlerine iberilmeli adamlary saýlaýar.


“Türkmenabat şäherinde ýörite topar bar. Şol topardan geçip bilenler haja gidýärler. Bu topar her islän adama ýollanma bermeýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.


2019-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi haja gitmäge isleg bildirýän raýatlardan para almakda aýyplanyp tussag edilen birnäçe resmini görkezdi. Maglumata görä, resmiler dalaşgärlerden para alyp, olary haja iberilmeli adamlaryň sanawyna goşýan ekeni.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki para-peşgeş barada habar berip gelýär.


Türkmenistan her ýyl 160-180 töweregi raýaty döwlet howandarlygynda haj zyýaratyna iberýär. Bu ýyl haja iberilen 275 adam 2-22-nji iýul aralygynda Saud Arabystany patyşalygynda bolarlar.


Ýurduň 275 adamdan ybarat resmi haj kwotasy her welaýatyň we Aşgabat şäheriniň arasynda deň derejede paýlananda her sebitden 44-46 töweregi adama hajy bolmak mümkinçiligi berilýär.


Turkmenportal.com neşiri aprel aýynda Saud Arabystanynyň bu ýyl Türkmenistana 2083 haj kwotasyny berendigini habar berdi. Saud Arabystany her ýyl haj möwsüminde her ýurda haj kwotasyny bölüp berýär. Patyşalyk soňky iki ýyl bäri dowam edýän pandemiýa zerarly daşary ýurtlardan zyýaratçy kabul etmegi wagtlaýyn togtadypdy.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýyl Lebap welaýatyndan haja gitmäge hukuk gazanan adamlaryň arasynda orta ýaşly raýatlaryň we ýaşy 60-a ýetmedik adamlaryň hem bardygyny habar berdi. Döwlet telewideniýesinde görkezilýän wideo reportažlardan çen tutulsa, Türkmenistanda haj dalaşgärleri köplenç uly ýaşly raýatlaryň arasyndan saýlanyp alynýar.


Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň daşary ýurt döwletlerine amala aşyran ilkinji resmi däl saparynyň çäginde 1-2-nji iýunda ogly Kerimguly bilen Mekge we Medine şäherlerine zyýarat etdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net