Angliýanyň premýeri Boris Jonsonyň işden çekilmäge razy bolandygy aýdylýar
Onuň wezipesinden çekilmeginiň bada-bat güýje girjekdigi ýa-da belli bir wagt aljakdygy entek belli däl.
B.Jonson ýaňy-ýakynda, 6-njy iýulda hem höçjetlik edip, wezipesinden çekilmejekdigini aýtdy.
Bu göçüm Ministrler kabinetiniň bir topar agzasynyň işden çekilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Olaryň köpüsi Jonsona ýüze çykan goh-galmagallar, şol sanda Konserwatiw partiýanyň deputaty bilen bagly gykylyk sebäpli gaharlandy. Ol deputat soň hususy klubda bir erkege süýkenmekde aýyplanyp, işinden çekildi.
Kanun çykaryjynyň üstünden Jonson tarapyndan wezipä bellenmezinden öň hem jynsy süýkenmeler babatynda şikaýat edilendigi bilenden soň, premýer-ministr ötünç soramaga mejbur boldy.
Jonson biraz öň öz resmi hökümet rezidensiýasynda we iş jaýynda COVID-19 petiklemeleri bilen bagly berk düzgünleri bozup, ynam bildirmezlik ses berişliginden aman galypdy. Şonda oňa polisiýa jerime töletmek bilen çäklenildi.
Jonson birnäçe ýyllap dowam eden çekeleşiklerden soň, Angliýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagyny kadalaşdyrmak wadasy bilen, 2019-njy ýylyň dekabrynda häkimiýet başyna geldi.