Aşgabatda täze döredilen çeper filmiň tanyşdyrylyşy boldy
Mundan öň bu film Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde görkezilipdir.
Täze filmde seljuk begleriniň biriniň Merwden Dehistana synag üçin ýollan çaparynyň başdan geçirenleri beýan edilýär.
“Çapar” ýurduň Astanababa, Gökdepe, Nohur, Dehistan ýaly ýerlerinde surata düşürilipdir.
Türkmenistanda metbugat azatlygynyň berk çäklendirilmegi bilen baglylykda, täze döredilen kino eserleriniň çeperçilik derejesi barada açyk çekişme guramak mümkinçiliginiň ýokdugy aýdylýar.