Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aşa yssy howa sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Türkmenistanda çenden aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa golaýlaýan wagtynda, köp sebitiň jemgyýetçilik hyzmatlarynda bökdençlikler döreýär, raýatlaryň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy hem günsaýyn ýitileşýär. Türkmen mediasynda iýunyň aýagynda howanyň temperaturasynyň çenden aşa gyzjakdygy barada duýdurylsa-da, häkimiýetleriň adamlaryň saglygyna hem ýaramaz täsir ýetirýändigi aýdylýan jokrama yssydan goranmak boýunça iş ýüzünde ýeterlik ýa asla tagalla etmeýändigi hem bellenilýär.


Howa maglumatlaryna gözegçilik edýän Meteožurnal internet neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda anomal derejede yssy howa saklanyp, ýurduň soňky 100-135 ýylyň dowamyndaky iň yssy günleri soňky döwürlere gabat gelýär.


“[Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatda eýýäm üç günden bäri howanyň temperaturasy gündizlerine 45-47 gradus aralygynda saklanýar, gijelerine hem tas 30 gradusa çenli golaýlaýar. Jokrama yssydan ýaňa köçeleriň asfaltlary ereýär, ulaglar hem yssa çydaman gaýnap, ýoluň ugrunda bozulýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 27-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.




Habarçymyz bir ýagdaýda, görnüşinden yssy howa sebäpli bir ulagyň dagy ot alandygyny anyklamagy başardy.


“26-njy iýunda Marydan Faraba barýan bir ýük ulagynyň yzyndaky tirkegi ot aldy. Mundan soň, sürüji dessine tirkegi kabinadan aýyryp, 50 metre golaý aralygy açdy. Tirkegdäki harytlaryň köp bölegi ýanyp, harap boldy. Sürüjä şikes ýetmedi” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.


Mundan başga-da, habarçylarymyz bu günler yssy howanyň takmynan 24 sagat dowam edýändigi sebäpli öýlerde, ofislerde we dükanlarda sowadyjylaryň tas öçürilmän işledilýändigini aýdýarlar.


Bu bolsa, elektrik simlerindäki toguň güýji talap edilişinden pes bolany sebäpli, simleriň eräp, hatardan çykmagyna getirýär. Netijede, ilata öň hem kadaly berilmeýän elektrik togy yzygiderli kesilýär.


“Welaýatyň dürli sebitlerinde, şol sanda Türkmenabatda hem elektrik transformatorlary yzly-yzyna sandan çykýarlar. Onsuz hem ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýan ussalar, näsazlyklary ençeme sagatlap, kä halatlarda günläp aradan aýyryp bilmeýärler. Dänew etrabynyň Boýnuzyn sebitinde 25-26-njy iýun aralygynda düýbünden elektrik togy bolmady” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz belledi.


Galyberse-de, habarçymyz aşa yssy howada gün urmasy, basyşyň ýokarlanmasy ýa-da öňden bar bolan hroniki ýarawsyzlyklarynyň ýitileşmegi ýaly saglyk meselelerine duçar bolýan adamlaryň has köpdügini, şol bir wagtda Tiz kömek gulluklarynyň ýüz tutýanlara wagtynda hemaýat berip bilmeýändigini hem sözüne goşdy.


“Yssy howa sebäpli saglyk ýagdaýy agyrlaşýan adamlar juda köp. Günde onlarça çagyryşy dagy kabul etmeli bolýarys. Güýçlendirilen tertipde işlesek hem, ýüz tutýanlaryň has köpdügi sebäpli, syrkawlara wagtynda baryp bilmeýäris. Bir mysal, öten agşam sagat 9-lar töweregi kabul eden çagyryşymyza, diňe üç sagatdan soň, gije-ýary baryp bildik” diýip, şahsyýetini aýan etmezligini soran türkmenabatly lukmanlaryň biri belledi.




Bu aralykda, aşa yssy howa şertleri sebäpli, Lebabyň ençeme harby bölümlerinde 26-njy iýuna meýilleşdirilen harby kasam kabul ediş dabarasynyň hem, 3-nji iýula geçirilendigi belli boldy.


Bu barada resmi derejede hiç hili habar berilmese-de, degişli harby bölümlerde gulluk edýän ýigitler ene-atalaryna jaň edip, yssy howada huşuny ýitirýän esgerleriň köpdügini, şol sebäpli-de senäniň üýtgedilendigini aýtdylar.


Türkmen mediasy we ýarym-resmi hökümetçi neşirler iýunyň aýagynda, hususanda üstümizdäki hepdede howanyň temperaturasynyň aşa gyzjakdygyny, köp sebitlerine howanyň gyzgynlygynyň gündizlerine kölegede 45 gradusdan hem aşjakdygyny habar berdiler.


Şeýle-de, 26-njy iýunda efire berlen “Watan” habarlar gepleşiginiň Howa maglumatlary bölüminiň soňunda tomusda howanyň derejesiniň ýokarlanýandygy sebäpli, adamlara jemgyýetçilik arassaçylyk tertip düzgünlerini berjaý etmek bilen birlikde, “paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmek we günüň ýiti şöhlesinden goranmak” maslahat berildi. Emma munuň bilen baglylykda hökümet derejesinde amal ediljek işler barada hiç zat aýdylmady.


Sebitlerdäki habarçylarymyz häkimiýetleriň iş ýüzünde jokrama yssyda adamlara ýeterlik ýeňillikleri döretmeýändigine ünsi çekýärler.


“Edara-kärhanalara ozalky tertipde işlemek tabşyryldy. Öňler howa gyzanda günortanlyk arakesmäniň möhleti uzaldylýardy we iş güni kemeldilýärdi. Häzirlikçe bu ugurda amal edilýän anyk hiç zat ýok” diýip, türkmenabatly býujetçileriň biri belledi.


Türkmen häkimiýetleri yssy howanyň täsirleri barada duýdursalar-da, gün urup keselhana düşýän raýatlar, şol sanda çagalar, şeýle-de ilatyň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy barada hiç zat aýtmaýarlar.


Meteožurnal neşiri Türkmenistanda iň yssy ýyllaryň 2015, 2018, 2019 we 2021-nji ýyllar bolandygyny belleýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net