Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Mary we Lebap: Maska talaby gowşaýar, syýahat çäklendirmeleri bökdeýär

Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň käbirleri bölekleýin gowşadylan mahaly, Mary we Lebap welaýatlarynda kiçi awtoulaglarda maska dakynmak düzgüni ýatyryldy. Şol bir wagtda, raýatlaryň ýurduň içinde syýahat etmegi bilen bagly girizilen çäklendirmeler saklanyp galýar. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaplylaryň ençemesi bularyň ilatyň hereketini öňküsi ýaly bökdemegi dowam etdirýändigini aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan we Lebapdan habar berdiler.


Marydaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 23-nji iýunda kiçi awtoulaglarda maska dakynmak düzgüni ýatyryldy. Hatda ulagyň içindäki ýolagçylar hem maska dakynman bilýärler. Maska dakynmak düzgüni diňe awtobuslarda dowam edýär.


"Polisiýa düýn hem ikiçi ulaglary saklap, ulagyň içinde maska dakynmak düzgünini bozandygy üçin sürüjä jerime ýazýardy we onuň ulagyny polisiýanyň duralgasyna alyp gidýärdi" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.




Habarçymyzyň aýtmagyna görä, ýaşaýjylaryň köpüsi ulagda maska dakynmak düzgüniniň ýatyrylandygyny bilmeýär. 23-nji iýunda köp adam ulagda maskasyny çykarmady. Diňe hökümet awtoulaglaryny sürýän sürüjiler maska dakynmady.


"Ilat ýene jerime salnar diýip, häzirlikçe maskasyz ulag sürmekden we ulagda maskasyz oturmakdan saklanýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.


Maý aýynyň başynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleri, şol sanda maska dakynmak düzgünini bölekleýin ýatyrdy. 6-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde 1-nji iýundan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde maskalary aýyrmak teklip edilse-de, olary açyk meýdanda dakynmagyň talap edilmejekdigi aýdyldy.


Iýun aýynyň başynda Lebapdaky we Balkandaky habarçylarymyz ýerli polisiýa işgärleriniň ulaglary saklap, sürüjilere we ýolagçylara maska dakynmaly däldigini duýduryp, maskany çykarmagy talap edýändigini habar berdiler.


Ýöne bu wakadan bir gün soň, polisiýa işgärleri duýdansyz köçelerde reýd geçirip, häkimiýetleriň sözlerine ynanyp, maska dakynman çykan raýatlara jerime ýazyp başladylar.


Lebapdaky habarçymyz maska režiminiň sebitde hem gowşaýandygyny, ulagdaky sürüjileriň we ýolagçylaryň, hatda ýol polisiýasynyň maska dakynmaýandygyny habar berdi.


Şol bir wagtda, ol raýatlaryň ýurduň içinde syýahat etmegi bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň saklanyp galýandygyny we munuň ilatyň hereketini öňküsi ýaly bökdemegi dowam etdirýändigini aýdýar.


"Türkmenabat şäherinden beýleki sebitlere, şeýle-de Aşgabada gitmek üçin ilki bilen içerki migrasiýa gullugyndan saparyňy delillendirip, ýörite rugsatnama almaly, soňra-da COVID testinden geçmeli. Onuň 72 sagatlyk möhleti bolmaly. Onuň bahasy 120 manat. Bu kepilnamany almak üçin Lebap arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş bölüminiň öňünde birnäçe sagat nobata duranyňdan soňra test tabşyrmaly. Testiň jogaby bir günden soň çykýar. Şondan soňra aeroporta baryp bilet almaly" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy 23-nji iýunda gürrüň berdi.




Ol bilet aljak bolýanlaryň nobatlarynyň her gün ýüzlerçe adama ýetýändigine ünsi çekip, köplenç raýatlaryň bilet satyn alyp bilmeýändigini aýdýar.


"Adamlaryň eden maddy çykdajylary we sarp eden wagty puja çykýar. Sebäbi olar öz wagtynda bilet satyn alyp bilmese, COVID testiniň möhleti gutarýar. Umuman öňki kynçylyklar saklanyp galýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.


Türkmen häkimiýetleri mundan bir aý gowrak wagt ozal içerki demirýol, sebitara awtobus gatnawlarynyň tapgyrlaýyn açyljakdygyny yglan etdiler. Ýöne syýahat çäklendirmeleri bilen bagly girizilen talaplaryň saklanyp galýandygy barada “Türkmendemirýollarynyň” bildirişinde habar berildi.


Türkmenistanda berk çäklendirmeleri, şol sanda maska we hereket düzgünlerini girizen türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýärler. Ýöne ýurtdan syzyp çykan ygtybarly habarlarda bu ýokanja ýoluganlaryň, ondan ölenleriň hem köpdügi bellenilýär. 


Bu aralykda, pandemiýa döwründe daşary döwletlerde galan türkmen raýatlarynyň şu günler ýurda getirilmegi dowam etdirilýär.


Balkan welaýatyndaky ygtybarly çeşmämiz 20-nji iýunda Stambuldan Türkmenbaşy şäheriniň aeroportuna çarter uçarynyň gonandygyny aýtdy.


"Türkmen raýatlarynyň 255-e golaýy ýedi günlük karantine alyndy" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.


Lebapdaky ýene bir çeşmämiz iýunyň 23-den 24-ne geçen gije Minskden Türkmenabada çarter uçarynyň gonjakdygyny, onda esasan Belarusda okuwlaryny tamamlan türkmenistanlylaryň getiriljekdigini habar berdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net