Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde dörän atyşykda bir täjik esgeri öldi
Gyrgyz serhet gullugynyň maglumatyna görä, 14-nji iýunda ýerli wagt bilen irden 7-ler töweregi Täjigistanyň Kekh barlag-gözegçilik nokadyndan Gyrgyzystanyň Batken regionyndaky Bulak-Başi sebitine tarap ok atylypdyr.
Gyrgyz tarapynyň beýanatynda mundan soň gyrgyz barlag-gözegçilik nokadyndaky esgerleriň “täjik barlag nokadyna tarap garşylyklaýyn ot açandyklary” aýdylýar.
Beýanatda gyrgyz tarapynyň ýitgileri barada maglumat ýok.
Täjik resmileri bu hadysa boýunça häzirlikçe çykyş etmediler. Emma Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy ok atyşykda 26 ýaşly täjik serhetçisiniň öldürilendigini anyklamagy başardy.
Taraplaryň serhet komandirleriniň we ýerli resmileriniň arasynda hadysa boýunça gepleşikleriň geçirilýändigi bellenilýär.