Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda barlag geçirildi. Hassahananyň baş wraçy saklandy

Türkmenbaşy şäherindäki täze açylan köpugurly hassahanada dowam edýän korrupsiýa barada, Azatlyk Radiosynyň habarlaryndan soň, ol ýere Aşgabatdan ýörite derňew topary iberildi. Birnäçe jogapkär adamyň, şol sanda bir aý mundan ozal açylan hassahananyň baş wraçynyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahana 15-nji aprelde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, dabaraly ýagdaýda açylypdy. Iki hepdeden soň, Azatlyk saglyk işgärleriniň we täze hassahananyň baş wraçynyň işe ýerleşmek isleýän medisina işgärlerinden, ýüzlerçe müň manat para alýandyklary barada habar berdi.

Balkan welaýatyndaky köpugurly hassahanada uly göwrümli barlag işiniň başlanandygyny 14-nji maýda, biziň habarçymyz aýdypdy. Şäher häkimligindäki öz çeşmesine salgylanýan habarçymyzyň aýtmagyna görä, Aşgabatdan ýörite derňew toparynyň gelmegine parahorluk barada, Azatlyk Radiosynyň beren maglumaty sebäp bolupdyr.


“Türkmenbaşy şäher häkimliginde doktorlary we şepagat uýalaryny işe almakda para alynýandygy hakda, daşary ýurt metbugatynda ýaýran habarlara prezident administrasiýasynyň gaharlydygy barada gürrüň bolupdyr. Hassahanany açmak üçin Serdaryň (prezident Berdimuhamedow – red.) hut özüniň gelendigine we munuň bolsa prezident hökmünde onuň ilkinji gatnaşan çäresidigine ünsi çekýärler. Sebäbi ol obýekt saýlanyp-seçilip alynýar. Dalaşgärler, adatça bolşy ýaly, Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan tassyklanýar. Tahyr Annataganow ol ýere fewral aýynda baş wraç hökmünde tassyklandy. Ondan öň şäher hassahanasynyň baş wraçydy. 2015-nji ýylda ol "Hormatly lukman", 2020-nji ýylda bolsa "Halk lukmany" adyny aldy diýip, habarçymyz çeşmäniň sözüne salgylanýar.


Çeşme derňew toparynyň Baş prokuraturanyň we Ýokary gözegçilik palatasynyň işgärlerinden ybaratdygyny hem sözüne goşýar.




Ýatlatsak, täze köpugurly hassahana şu ýylyň 15-nji aprelinde, prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, ony dabaraly ýagdaýda açylypdy. Şondan bary-ýogy iki hepdeden soň, biziň habarçymyz täze lukmançylyk edarasynyň işgärleri bilen söhbetdeş bolanynda, hassahana işe ýerleşmek üçin, edaranyň ýolbaşçylarynyň uly möçberde para alandyklaryndan nägilelik bildirdi.


"Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlan 20 töweregi ýaş wraçyň her biri hassahana işe girmek üçin, 200 müň manat para berdi. Olaryň ählisi welaýatymyzyň dürli etraplaryndan gelen ýaş lukmanlardyr. Şeýle-de, lukmançylyk mekdeplerini tamamlan ýaş şepagat uýalarynyň 34 sanysy bu hassahana işe girmek üçin, 100 müň manat para berdi" diýip, saglyk pudagyndaky çeşme 29-njy aprelde Azatlyga mälim etdi. Onuň sözlerine görä, hassahananyň administratiw bölümine işe ýerleşmek isleýänlerden, 40 müň manat para talap edilipdir.


Şeýle uly möçberdäki para hatda dünýäniň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistan üçin hem geňdigini, sebit derejesinde lukmançylyk edarasynda işe ýerleşmekdäki öň görlüp-eşidilmedik zatdygyny bellemelidiris.


Azatlygyň redaksiýasy derňew çäreleri barada goşmaça maglumat ýygnaýarka, täze açylan köpugurly hassahananyň baş lukmany Tahyr Annataganowyň tussag edilendigi hakda habarlar peýda boldy. Bu barada 19-njy maýda garaşsyz neşir turkmen.news habar berdi.


“Ol bar zat üçin para alýardy – bejergi üçinem, hirurgiýa çäresinde-de, işe ýerleşmek – ählisine para bermeli. Pulsuz hatda keselhana-da salmazlar. Sen ölýänem bolsaň, pul bermeseň hiç bir medisina hyzmaty edilmeýär” diýip, turkmen.news öz çeşmelerinden biriniň sözüni getirýär. Neşir Annataganowyň tussag edilmeginiň birnäçe çeşme tarapyndan tassyklanandygyny aýdyňlaşdyrýar.


Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada, gürrüňi edilýän hassahana bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady. Emma şäherdäki beýleki bir lukmançylyk merkezinden bolan çeşme 21-nji maýda geçirilen telefon söhbetdeşliginde, bu maglumatlary tassyklady.


"Annataganow we hassahananyň beýleki birnäçe jogapkär işgärleri, şäher saglyk bölüminiň işgäri tussag edildi we eýýäm Aşgabat şäherine äkidildi" diýip, çeşme aýtdy.




Türkmenistanyň ähli pudagynda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, tam süpüriji ýa-da ýokary wezipeli ýeri almak üçin, raýatlaryň para bermeli bolýandyklaryny Azatlygyň habarçylary hem-de garaşsyz neşirler köp ýyl bäri habar berýärler.


“Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde, Türkmenistan 180 ýurduň arasynda, 169-njy orny eýeledi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net