Özbek halas edijileri sil alan iki adamyň jesedini tapdylar
Ministrligiň habaryna görä, agşam sagat 4 töweregi “Zohona” obasynda iki sany adam ulagly gysga wagt ýagan güýçli ýagyşdan soň dörän suw joşmasy netijesinde gelen siliň aşagyna düşdi.
Sil suwy goýun bakyp ýören çopanyň hem üstünden geldi, ýöne çopan gaçyp gutulmagy başardy diýip, habarda aýdylýar.
Iki jeset we ulag Tupalang derýasyndan tapyldy. Jesetler biri-birinden takmynan 5 km uzaklykda ýatan eken.
Sebitde tebigy betbagtçylygyň netijelerini düzetmek çäreleri geçirilýär.