Minskde ýene bir türkmen studenti aradan çykdy
Habarda belarusa okamaga gelen Serdaryň taksi sürüp, gazanç edendigi we aeroporta müşderi eltip, yzyna gaýdanda awtoulaga erkini ýitirip, agaja urandygy aýdylýar. Bu hadysa fewralyň aýagynda bolupdyr we Serdar Ataýew 10-njy aprelde hassahanada jan beripdir.
Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Serdar tejribeli sürüji däl eken we Belarusda Türkmenistanda satyn alan sürüjilik şahadatnamasyny ulanypdyr.
Ol Belarusdaky döwlet uniwersitetinde menejerlik ugrundan okaýan eken we, türkmenistanly studentleriň aglaba köplügi ýaly, ene-atasyndan ýeterlik maliýe goldawyny alyp bilmänsoň, okuw arasynda gazanç etmäge mejbur bolupdyr.
S.Ataýewiň jesedi 11-nji aprelde ildeşlerine berildi, şol gün “Türkmenistan” awikompaniýasy Belarusdan çykyş uçuşyny gurnady, merhumyň tanyşlary onuň jesedini watanyna ibermek üçin ilçihana ýüz tutdular diýip, habarda bellenýär.
Emma munuň üçin 10 müň dollar soralypdyr we studentiň ene-atasy özlerinde beýle puluň ýokdugyny aýdypdyr.