Kongoda dikuçar heläkçiliginde alty sany pakistanly, bir rus, bir serb harbysy ýogaldy
BMG-nyň Baş sekretary General Antonio Guterrişiň metbugat wekili heläkçiligiň bolandygyny tassyklady we ölenleriň sekizisiniň raýatlygyny mälim etdi.
Pakistan harbylary dikuçary gözlemek işleriniň geçirilýändigini we heläkçiligiň takyk sebäbiniň entek kesgitlenmändigini aýtdylar.
Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň "çuňňur şok we gynanç duýgusyny" bildirýändigi we ýurduň ýaragly güýçleriniň parahatçylygy döretmek ugrunda alyp barýan tagallalaryna hormat goýýandygy onuň hökümet edarasynyň beýanatynda aýdyldy.
DRK-nyň harby häkimiýetleri ulagy "M23" toparyň gozgalaňçylarynyň "atandygyny" aýtdy. Ýöne topar bu aýyplamany ret edip, dikuçaryň heläkçiligine Kongonyň goşunynyň jogapkärdigini öňe sürdi.
BMG-nyň DRK-daky durnuklaşdyryş missiýasy (MONUSCO) Kiwu welaýatynyň Rutşuru sebitinde gözleg işlerine barýan dikuçarlarynyň biri bilen aragatnaşygy ýitirendigini habar berdi. Bu sebitde Kongonyň güýçleri "M23" toparynyň gozgalaňçylaryna garşy göreşýär.
DRK-nyň goşunynyň dikuçaryň 28-nji martda gaçyrlandygy aýdylýan habaryna görä, ol BMG-nyň missiýasyny ýerine ýetirýän iki dikuçarynyň biridir.