Azatlyk Radiosynyň websaýty petiklendi. Näme etmeli?
Şu aşakylar bilen petiklenen saýtymyzda çap bolan maglumatlary yzarlap bilersiňiz:
VPN-den peýdalanyň. Bu siziň howpsuzlygyňyza kömek eder. Siziň prowaýderiňiz siziň başga bir döwletde oturandygyňyzy pikir eder. Sepler (linkler) hem adatdakysy ýaly açylar. Biz Açyk tehnologiýalar fondy tarapyndan hödürlenýän şu mugt serwislere nThlink we Psiphon ynam bildirýäris.
Biziň Instagram-daky, Facebook-daky, Twitter-däki we Telegram-daky hasaplarymyza ýazylyň. Biziň saýtymyza gönümel girmän, bular arkaly biziň maglumatlarymyzy okap bilersiňiz, şeýle-de multimedia faýllaryna tomaşa edip bilersiňiz.
YouTube-däki kanalymyza hem ýazylyp, ol ýerde çap bolýan maglumatlary yzarlap bilersiňiz.
Azatlyk Radiosynyň ýörite tilsimini App Store we Google Play arkaly indiriň.
Biziň saýtymyzyň aýna nusgasy bilen peýdalanyň
Aýna nähili işleýär?
Häkimiýetleriň biziň maglumatlarymyzy petiklemegini kynlaşdyrmak üçin, biz saýtymyzyň aýna nusgasyny ulanýarys. Eger-de VPN ulanmaýan tanyşlaryňyz we kärdeşleriňiz bilen biziň maglumatlarymyzy paýlaşmakçy bolsaňyz, onda saýtlarymyzyň aýna nusgalaryny ulanmagy maslahat berýäris.
Gynansak-da, saýtymyzyň aýna nusgasynda ähli mümkinçilikler dogry işlemän biler. Kä halatlarda, eger-de häkimiýetler petiklemegi başarsalar, saýtlaryň aýna nusgalary işlemegini bes edip biler. Bolup biljek islendik ýagdaý üçin, Chrome we Firefox brauzerleri üçin giňeltmeleri indiriň.
Peýdaly maglumatlar