Baýden Ukrainadaky urşuň demokratiýalar üçin synagdygyny aýdýar
Şeýle-de, Baýden 26-njy martda Warşawanyň Şa köşgünde eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainadaky gazaply söweşini hiç zat bilen aklap bolmajakdygyny belledi. Ol rus prezidenti Wladimir Putin barada hem durup geçip, “Taňrynyň hakyna, bu adam häkimiýetde galyp bilmeýär” diýip, aýtdy.
Baýden bu barada Ýewropa eden üç günlük saparynyň ahyrynda çykyş etdi.
Ak Tam soňy bilen, Baýdeniň Russiýada “režimiň üýtgemegini” gazanjak bolmaýandygyny aýdyňlaşdyrdy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti mundan bir gün öň Warşawadaky ukrain bosgunlarynyň öňünde eden çykyşynda Putini “gassap” atlandyrdy we oňa “zalym” diýip ýüzlendi.
Baýden müňe golaý adamyň öňünde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň ýanyndadygyny ýene bir gezek tekrarlady.