Truss: Russiýa garşy girizilen käbir sanksiýalar ‘ok atyşyklaryň doly bes edilmeginden we goşunyň çykarylmagyndan soň’ ýatyrylyp bilner
Ol mümkin parahatçylyk gepleşiklerine hemaýat berer ýaly “gepleşikler toparynyň” esaslandyrylandygyny hem belledi.
Truss bu sanksiýalaryň diňe ok atyşyklaryň doly bes edilmeginden we rus goşunynyň Ukrainadan çykarylmagyndan soň, şeýle-de mundan beýläk agressiýanyň bolmajakdygyna kepil geçilmeginden soň ýatyryljakdygyny nygtady.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Putine söweşleri bes etmek boýunça çynlakaý gepleşikleri geçirmek barada ençeme gezek teklip etdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Putiniň töweregindäkilere girizilen dürli gadagançylyklaryň “mydamalyk häsiýete eýe däldigini” aýdypdy.