Rus kazyýeti galplykda, äsgermezlikde aýyplap, Nawalna 9 ýyl iş kesdi
Kazy Margarita Kotowa hökümi we jezany 22-nji martda, Moskwanyň daşyndaky jeza koloniýasynda, Nawalnynyň öňki çykarylan höküm esasynda tussaglykda saklanýan ýerinde yglan etdi.
Şeýle-de, kazy oňa 1,2 million rubl jerime salynýandygyny aýtdy.
Şu aralykda 45 ýaşly oppozisioneriň topary prezident Wladimir Putine degişli diýip güman edilýän 700 million dollarlyk ýahta baradaky jikme-jiklikleri habar berdi.