UNDP: Uruş sebäpli ukrain ilatynyň 90%-i garyplyga duçar bolup biler
UNDP-niň ukrain hökümetiniň çaklamalaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, uruş häzire çenli ýurduň ýollar, köprüler, keselhanalar ýaly infrastruktura desgalaryna 100 milliard dollar möçberinde zyýan ýetiripdir. Mundan başga-da, urşuň netijesinde Ukrainadaky biznesiň ýarpysy işini togtadypdyr, galan ýarpysy hem çäkli mümkinçiliklerde iş alyp barýar.
UNDP Ukrainada hereket edýän BMG-niň iň iri edaralarynyň biridir.