BMG: Ukrainadan çykan bosgunlaryň sany 3 milliona golaýlady
Russiýa parahat ilaty nyşana alýandygyny inkär edýär. Moskwa öz hereketlerini Ukrainany ýaragsyzlandyrmak we öz sözi bilen aýdylanda “denasifikasiýa” etmek boýunça “ýörite harby operasiýa” atlandyrýar.
Ukraina we onuň Günbatar ýaranlary munuň demokratik bir ýurda hüjüm etmek üçin Moskwanyň esassyz bahanasy bolandygyny belleýärler.
Maglumata görä, bosgunlaryň 150 müň töweregi beýleki döwletleriň raýatlarydyr. Bellesek, Azatlyk Ukrainadaky uruşdan gaçyp goňşy ýurtlara çykan türkmen raýatlary, hususanda studentleri barada, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça yzygiderli habar berip gelýär.
BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň (UNHCR) maglumatyna görä, Ukrainadan gaçyp çykanlaryň aglabasy Polşa geçdi. Polşanyň serhet gullugy uruş başlanandan bäri 1,83 million ukrain bosgunynyň gelendigini mälim etdi.
Bosgunlar şeýle-de Rumyniýa, Moldowa, Wengriýa we Slowakiýa hem geçýärler. Olaryň uly bölegi Günbatar Ýewropa geçmek ugrunda hem tagalla edýärler.