Merkezi Ýewropanyň liderleri Kiýewe sapar edip, Ukrainanyň “gaýduwsyz göreşini” alkyşladylar
Mundan bir gün öň, Çehiýanyň, Polşanyň we Sloweniýanyň premýer-ministrleri Kiýewde saparda bolup, daşy gabalan şähere we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä raýdaşlyk görkezdiler.
Bu Russiýanyň çozuşyndan soň daşary ýurt liderleriniň Ukraina eden ilkinji sapary boldy.
Zelenski köp ýurtlaryň Ukrainadaky diplomatiki wekilçiligini çäklendirýän wagty, Ýewropanyň üç lideriniň Ukraina sapar edip, gaýduwsyzlygyny äşgär edendigini aýtdy.