Ukrain bazasyna edilen rus howa zarbasynda azyndan 35 adam öldi, başga-da 134 sanysy ýaralandy
360 inedördül kilometr meýdany eýeleýän Ýaworiw halkara parahatçylygy goraýyş we howpsuzlyk merkezi Ukrainanyň Polşa bilen serhedinden 25 km uzaklykda ýerleşýär we bu desga ýurduň günbatar bölegindäki iň uly harby bazadyr. Ukraina harby türgenleşikleriniň köpüsini NATO ýurtlary bilen geçirýär.
Sebit häkimi Maksym Kozytskiý rus uçarlarynyň desganyň ýerleşýän ýerine 30 töweregi raketa atandygyny aýdyp, olaryň käbirleriniň howada saklanandygyny sözüne goşdy.
Atylan we ýarylan raketalar azyndan 35 adamy öldürdi we başga-da 134 sanysyny ýaralady diýip, ol aýtdy.
Bu aralykda, Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankiwski sebitiniň häkimi şäheriň aeroportunyň nyşana alnandygyny aýtdy.
"Deslapky maglumata görä, şu gün irden bolan partlamalar howa menziline edilen hüjümiň [netijesinde boldy]" diýip, häkim Ruslan Martsinkiw Facebookda ýaýradan maglumatynda aýtdy.
Ukrainanyň başga bir sebitinde, Russiýanyň 13-nji martda Çernihowdaky köp gatly ýaşaýyş jaýyna eden raketa zarbasynda bir adam öldi we başga-da ýedi sanysy ýaralandy diýip, tiz kömek işgärleri habar berýärler.