Türkmenistanyň prezidentligine hasaba alynmadyk dalaşgärler ukrain liderine goldaw bildirýär
Olar “ýykgynçylykly we aklap bolmajak” urşy ýazgaryp, Türkmenistanyň prezidentiniň rus prezidenti Wladimir Putiniň kömegi bilen häkimiýetde saklanýandygyny we Kremliň goldawy bilen ogluny prezident etjek bolýandygyny öňe sürýärler.
“Bu günki gün Ukraina diňe bir öz gelejegini we Ýewropanyň gelejegini kesgitlemeýär. Bu günki gün Ukraina bütin dünýäniň gelejegi, şol sanda Türkmenistanyň hem gelejegi üçin göreşýär” diýip, Myrat Gurbanow, Ahmet Rahmanow, Nury Annaýew dagynyň gol çeken hatynda aýdylýar.