Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Saýlawlaryň öňüsyrasynda azyk arzanlaýar, ýöne bankomatlarda nagt ýetmezçiligi saklanýar

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, Aşgabadyň häkimiýetleri azyk gymmatçylygyny we gytçylygyny wagtlaýyn bolsa-da çözmäge çalyşýar. Şu günler paýtagtda azyk harytlarynyň bahalary ýene arzanlady. Muňa garamazdan, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berdi.


Paýtagtyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk önümleriniň bahalary günsaýyn arzanlaýar. Mysal üçin, 1-nji martda daşary ýurtlardan import edilen bir litr ösümlik ýagy 27 manat bahalanýar. Mundan üç gün ozal onuň bahasy 28 manada barabardy. 30 sany ýumurtga mundan üç-dört gün ozal 65 manat bahalanýardy, häzir 45 manatdan satylýar.


Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz we türkmenistanlylaryň ençemesi azyk harytlarynyň bahalarynyň arzanlamagyny "häkimiýetleriň prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda Serdaryň abraýyny ýokarlandyrmak tagallalary" diýip häsiýetlendirýärler. Şeýle-de, olar munuň "wagtlaýyn çäredigini" hem belleýärler.




"Ähli zat, halk 12-nji martda Serdaryň prezident saýlanandygyny eşidende, olaryň gaharlanmazlygy we durmuş hakykatyny kabul etmegi üçin edilýär. Arzan bahadan satylýan önümleriň ilata teselli bolmagyna garaşylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 1-nji martda gürrüň berdi.


Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirýär. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň sanawyna görä, ýurduň syýasy durmuşynda tanalmaýan sekiz dalaşgär we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow prezidentlik wezipesi ugrunda bäsleşer. 40 ýaşly Berdimuhamedow häzirki wagt ýurduň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýär.


Türkmenistanyň dürli sebitlerinde harytlaryň arzanlamagy, azyk üpjünçiliginiň gowulaşmagy bilen bagly ýagdaý mundan 10 gün çemesi ozal göze ilip başlady. 22-nji fewralda Lebap welaýatynyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalary birneme arzanlap, olaryň görnüşleri köpelip başlady.


Häkimiýetler ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürlüligini döredýär. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň ýa syýasy çäräniň yz ýany gürüm-jürüm bolýar.


Aşgabatdaky habarçymyz azyklaryň bahalarynyň arzanlamagyna syn edilýän mahaly, ilatyň nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemanyň saklanyp galýandygyny hem habar berýär.




Onuň sözlerine görä, paýtagtyň bankomatlarynyň her biriniň öňünde 50-60 çemesi adamyň elmydama nobata durandygyny görse bolýar.


"Adamlar bankomatlardan günde 800 manat pul nagtlaşdyryp bilýärler. Bankomatlaryň köpüsinde nagt pul ýok. Köpüsinde-de pul nobatda duran adamlaryň hemmesine ýetmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 1-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.


Ol raýatlar öz aýlyk we pensiýa haklaryny, kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmese, azyk arzançylygynyň hiç bir peýdasynyň ýokdugyny hem aýtdy. Ol munuň sebäplerini paýtagtyň tas ähli bazarlarynda we dükanlarynda telekeçileriň nagt däl söwdany kabul etmeýändigi bilen düşündirdi.


"Mysal üçin, "Altyn asyr" gündogar bazarynda hiç bir dükan nagt däl söwda etmeýär. Satyjylar Internete baglanyp bolmaýandygyny aýdyp, kassa apparatynyň işlemeýändigini belleýärler. Ýöne bu bazarda "Altyn Asyr" öýjükli telefonlar we olardaky Internet hyzmatlary işläp dur" diýip, aşgabatly alyjylaryň biri anonimlik şertinde 1-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.


Türkmenistanda indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bankomatlarda nagt ýetmezçiligi we bazarlarda azyk gymmatçylygy ýylyň-ýylyna güýçlendi. Bu problemalar soňky ýyllarda, hususan-da, pandemiýanyň fonunda has-da ýitileşdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net