Kremliň global izolýasiýasynyň çuňlaşmagy bilen, Ukraina edilen rus çozuşy bäşinji gününe girdi
Ukrain häkimiýetleriniň berýän habarlaryna görä, partlamalar Ukrainanyň paýtagtynda we esasy şäherleriň biri bolan Harkowda daň atmazyndan öň eşidilip başlapdyr.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski geljek 24 sagadyň Ukraina üçin örän aýgytly boljakdygyny aýtdy.
Ukraina Moskwa bilen arada öňünden hiç bir şert goýulmadyk gepleşikleriň Belarus-Ukraina serhedinde geçiriljekdigini aýtdy.
Rus habar gullugy TASS, näbelli bir çeşmä salgylanyp, uruşýan taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň 28-nji fewralda, irden başlanjakdygyny aýtdy.
Ak tamyň habaryna görä, ABŞ-nyň prezident Jo Baýden 28-nji fewralda ýaranlar we hyzmatdaşlar bilen wideoşekilli maslahat geçirer.
39 sagatlyk komendant sagadynyň adamlary köçelerden daşlaşdyrmagy bilen, Kiýewiň esasy bulwarlary, käte bir awtoulag görünmese, doly diýen ýaly çolaryp galdy. Häkimiýetler, degişli resminamasy bolmadyk islendik ötegçiniň rus ýykgynçysy hasaplanjakdygyny duýdurdylar. Komendant sagady 28-nji fewralda ýatyrylmaly.