BMG: Russiýanyň Ukraina çozuşynyň möwjemegi bilen adam hukuklarynyň depelenmegi hem möwjeýär
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 28-nji fewralda Ženewada Adam hukuklary geňeşiniň açylyş dabarasynda eden ýazylan çykyşynda Milletler guramasynyň bu ýagdaýa gözegçilik edýän toparlarynyň wakalaryň bolup geçýän ýerinde ýerleşýändigini aýtdy.
"Russiýa Federasiýasynyň Ukrainadaky harby operasiýalarynyň möwjemegi adam hukuklarynyň bozulmagynyň hem möwjäp galmagyna sebäp bolýar" diýip, Guterriş aýtdy. Ol goşmaça maglumat bermedi.
"Biz Ukrainadaky adamlaryň ählisine mätäç wagtynda olaryň ýanynda durýandygymyzy görkezmelidiris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.