Türkmen we türk prezidentleri ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaýar, migrant aladalaryny agzamaýar
Söhbetdeşler birek-biregi şanly sene – Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.
Taraplar ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda “ähmiýetli orny” eýeleýändigini, “iki ýurduň halklaryny taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň ...umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny” bellediler.
“Şu ugurlar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşýar” diýip, habarda aýdyňlaşdyrmazdan aýdylýar.
Emma habarda prezidentleriň Türkiýede galyp, ýurduna dolanyp bilmän kösenýän türkmen migrantlary, uçar gatnawlaryny açmak barada gürrüň edendigi ýa däldigi aýdylmaýar.
Pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmelerden soň Türkiýede galan türkmenleriň käbiri sosial ulgamlarda çykyş edip, häkimiýetlerden ýollaryň açylmagyna, kyn ýagdaýda galan maşgalalara döwlet howandarlygynyň edilmegine çagyrýar.