DIM: Türkmenistan dünýäniň 30 ýurdunda 41 sany saýlaw uçastogyny döredildi
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi boldy.
Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda häzir 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasynda çap edilen habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň DIM-i Ukrainadaky türkmen raýatlarynyň saýlawlarda ses bermek mümkinçilikleri barada hiç bir maglumat bermeýär.