Zelenski Ukrainada harby ýagdaý yglan etdi, Baýden bilen gepleşdi
Ol rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy “ýörite” harby operasiýanyň başladylýandygyny yglan etmeginden soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen gepleşendigini hem mälim etdi. Russiýanyň bu hereketleri Ýewropada giň gerimli urşuň turmak howatyrlaryny artdyrýar.
Zelenski çykyşynda “Russiýa biziň harby infrastrukturalarymyza, serhet goragçylarymyza we serhet birikmelerine hüjüm etdi” diýip, belledi.