Zelenski Moskwa bilen diplomatiki gatnaşyklary kesendigini aýdýar
24-nji fewralda eden çykyşynda Zelenski “ar-namysyny ýitirmedik” diýip häsiýetlendiren russiýalylara hem ýüzlenip, öz hökümetiniň Ukraina garşy hüjümine garşy proteste çykmaga çagyrdy.
Zelenksi Russiýanyň hüjümi netijesinde Ukrainanyň “uly ýitgileri” çekýändigini aýdyp, adamlary gan tabşyrmaga hem çagyrdy.
Gelip gowuşýan dürli maglumatlaryň arasynda, Zelenskiniň maslahatçysy hüjümiň ilkinji sagatlarynda 40 töweregi ukrainyň öldürilendigini we azyndan onusynyň ýaralanandygyny aýtdy.
Ukrain resmileri ýurduň harbylarynyň Russiýanyň hüjümine garşy söweşýändiklerini aýtdylar we Günbatardan goranmaga hemaýat bermegi soradylar.