Ukraina 18-60 ýaş aralygyndaky ätiýaçdaky harbylaryny gulluga çagyrýar
Zelenskiý 22-nji fewralda eden çykyşynda ätiýaçdaky harbylary gulluga çagyrýandygyny, emma häzirlikçe goşunlaryň umumy mobilizasiýasyny geçirmegi göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.
“Biz Ukrainanyň armiýasynyň ýagdaýlaryň islendik ugur boýunça özgermegine taýýarlygyny güýçlendirmeli” diýip, Zelenskiý milli telewideniýede aýtdy.
Zelenskiý häzirki krizise heniz hem diplomatik çözgüt gözleýändigini, emma Ukrainanyň Russiýa hiç bir territoriýasyny bermejekdigini belledi.