Ençeme döwlet, Russiýanyň hüjüm etmek howpunyň arasynda, öz raýatlaryny Ukrainadan çykmaga çagyrdy
Öz raýatlaryny Ukrainany terk etmäge çagyran ýurtlaryň arasynda ABŞ, Britaniýa we Germaniýa dagy hem bar.
13-nji fewralda Awstraliýa Kiýewdäki ilçihanasynyň işini togtatýandygyny mälim etdi.
Reuters Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümindäki ABŞ wekilleriniň 13-nji fewralda Ukrainanyň gündogaryndaky, Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçilik edýän, sebitlerinden çykarylyp başlandygyny habar berdi. ÝHHG bu maglumat boýunça kommentariýa bermedi.
Bu ýagdaýlar Birleşen Ştatlaryň we Fransiýanyň liderleriniň rus prezidenti Wladimir Putiniň yza çekilmegi boýunça eden tagallalarynyň uly netije bermäninden soň emele geldi.