Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


"Kömek ediň! "Talyban" meniň öýüme geldi". "Talyban" söweşijileri närazylyk bildirýänleri yzarlaýarlar, žurnalistlere hüjüm edýärler

Golaýda owgan žurnalistine Kabuldaky öz öýünde rehimsizlik bilen hüjüm edildi, onuň yz ýany "Talyban" aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy iki aýal maşgalany tussag etdi.


"Talybanyň" Owganystanda häkimiýete gaýdyp gelmegi söz azatlygyna hem köpçülikleýin habar serişdelerine eýýäm agyr howp bolup döredi. Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habaryna görä, geçen hepdelerde aktiwistlere we žurnalistlere garşy birnäçe syrly hüjüm amala aşyryldy, bu bolsa iň erbet çäklendirmeleriň entek öňde bolup biljekdigi baradaky gorkyny döredýär.


Golaýda bir žurnaliste öz öýünde edilen rehimsiz hüjümden we aýal-gyzlaryň hukuklary ugrunda soňky wagtda bolan demonstrasiýalara gatnaşanlary yzarlamak, olary tussag etmek synanyşyklaryndan soň, ýagdaý agyrlaşdy hem aladalary artdyrdy.


Zaki Kaýis 20 ýyllyk žurnalistlik hyzmatyndan soň, “Talyban” Kabuly ele geçirenden köp wagt geçmänkä, awgust aýynyň ortalarynda garaşsyz “Hawar” telekompaniýasyndan işden çykdy. 15-nji ýanwarda onuň derwezesini kakyp, kömek soradylar. Netijede, näbelli adamlar Zakiniň üstüne hüjüm etdiler. Onuň kellesinde hem boýnunda kesik ýara yzlary galdy.


“Kimdir biri saçymdan penjeläp tutdy, beýleki biri bolsa öňümdäki açyk gapyny maňa tarap itberdi. Olar gapyny gaýçy ýaly edip, boýnumy gysdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde, bolan ýagdaýy aýtdy hem Owganystanyň paýtagtynda öýüniň alnynda özüni garawullaýan näbelli ýaragly adamlar barada gürrüň berdi.




Kaýisiň sözüne görä, şol gezek näbelli bir zat bilen onuň depesine urlupdyr, pyçaklanmadan bolsa jaýyň gapysyny ýapmak bilen gutulypdyr.


Kaýis özüne hüjüm edenleriň kimdigini kesgitläp bilmeýär, ýöne “Talyban” tarapdarlary tarapyndan ençeme gezek ýanalýandygyny we ýenjilendigini aýdýar. Hüjümden gorkup, Kaýis maşgalasyny alyp gaçypdyr.


Bolup geçen hüjüm barada "Talyban" hiç hili düşündiriş bermedi, muňa derek metbugat synçylary derňew geçirmegi talap etdiler.


"Owganystandaky "Talyban "ýolbaşçylary žurnalist Zaki Kaýisa hüjüm edenleri tapmak we jogapkärçilige çekmek üçin, hiç eglenmezden derňewe başlamaly, žurnalist Zaki Kaýisa kimiň hüjüm edendigini bilip, ony jogapkärçilige çekmeli" diýip, 19-njy ýanwarda Nýu-Yorkda Žurnalistleri goramak komitetiniň Aziýa maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Stiwen Batler aýtdy.


Kaýis bilen baglanyşykly waka ýeke däl. Soňky aýlarda bolup geçen aýallaryň azatlygy ugrundaky demonstrasiýalara gatnaşyjylar ýaragly adamlar tarapyndan urlup-ýenjildi we tussag edildi.


Tutulmakdan gaçmagy başaranlaryň köpüsi öz başynyň amanlygyndan gorkup, howpsuz ýerde gizlenmäge mejbur boldular. Protestlere gatnaşanlardan biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 19-njy ýanwarda "Talyban" demonstrasiýa gatnaşyjylary ýygnap başlanynda, ol hem beýleki aýallar sowuk gijäniň içinde öýlerinden çykyp gaçypdyrlar.


Maglumata görä, Tamana Zarýabi Parýani hem-de Parwana Ibraýymhel özlerini "Talyban" aňtaw gullugynyň agzalary diýip tanadan adamlar tarapyndan tussag edilipdir. Olar ýanwar aýynda hijap atynmaga garşy Kabuldaky demonstrasiýa protestlerine gatnaşypdy. “Talyban” polisiýasy ol protesti gaz pürkmek bilen dargatdy.


Şondan üç gün geçensoň, sosial ulgamlarda kimdir biriniň Parýaniniň gapysyny kakanynda, onuň kömek sorap gygyrýan wideosy peýda boldy.


"Haýyş edýän, kömek ediň, Talyban meniň öýüme geldi. Öýde diňe uýalarym bar" diýip, ol nalyş edip gygyrýar.




(wideodaky ýazgy)


Talyplar aýal-gyzlar üçin has köp erkinlik talap edip ýörişe çykanlary alyp gaçýar.


Wideoda gorkunç duýgy görkezilýär.


Alnyp gaçylanlaryň nirede bolýany belli däl. Wideoda alnyp gaçylanlar Tamana Zarýabi Parýani hem-de Parwana Ibraýymheliň şekili bar.


Häzirlikçe Parýani bilen Ibraýymheliň ýagdaýy barada dürli habarlar bar, käbir owgan metbugaty olaryň boşadylandygyny habar berýär, beýleki serişdeler bolsa aýallaryň nirededigi nämälim bolmagynda galýar diýip ýazýar. Käbir maglumatlara görä, Parýaniniň üç uýasy hem tussag edilipdir.


"Talyban" polisiýasynyň metbugat sekretary Parýaniniň düşürilen wideolaryny galplyk hökmünde ret etdi, ýöne bu mesele barada Azatlyk Radiosynyň olardan düşündiriş almak synanyşygy şowsuz boldy.


"Talybanyň” aňtaw gullugynyň metbugat sekretary Parýaniniň we Ibraýymheliň tussag edilendigi baradaky habary tassyklamady ýa-da inkär hem etmedi, diňe Twitter’de sowuk-sala jogap berdi.


"Owgan halkynyň dini we milli gymmatlyklaryny kemsitmek indi kabul ederliksiz” diýip, Kabulda geçen demonstrasiýa salgylanyp, Halid Hamraz Twitter’de ýazgy galdyrdy. Ol demonstrasiýada “Talybanyň” dini polisiýasy tarapyndan geýinmegi talap edilýän, aýal-gyzlaryň bütin durkuny örtýän hijaby oda ýakypdylar.


Mundan başga-da, Hamraz adam hukuklaryny goraýjylary daşary ýurtlardan gaçybatalga almak üçin, “Talybana” töhmet atmakda aýyplady.


1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli Owganystany rehimsiz dolandyrmagy bilen tanalýan ekstremist topar, şol döwürde aýal-gyzlaryň işlemegini we gyzlaryň bilim almagyny gadagan edipdi, olar häkimiýete gaýdyp geleninde, eger yslam ýörelgelerine we milli bähbitlere ters gelmese, pikir azatlygyna rugsat beriljekdigini aýtdy.




Şeýle-de bolsa, zenanlara we gyzlara garşy çäklendiriji çäreler; şol sanda aýallaryň hökman hijaply bolmagyna, aýal-gyzlaryň köpçülik ýerlerine diňe erkek hossarlary bilen barmagyna rugsat edilmegine hem-de gyzlaryň bilim almagyna girizilen çäklendirmeleriň ýaňadan diklenmegine garşy protestlere “Talyban” köplenç zorluk bilen jogap gaýtarýar.


Awgust aýyndan bäri onlarça neşiriň ýapylmagy sebäpli, her on žurnalistiň sekizisi diýen ýaly başga iş gözlemäge mejbur boldy. Habar beriş serişdelerine gözegçilik guramalarynyň maglumatlaryna görä, öz işinde galan žurnalistler köplenç basyş astynda işleýärler hem öz-özüni senzura astynda saklaýarlar.


Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy 2021-nji ýyl boýunça Bütindünýä hasabatynda, owgan metbugatyna diňe “Talybandan” däl, eýsem “Yslam döwleti” söweşijileri tarapyndan hem howp abanýandygyny aýtdy hem birnäçe žurnalistiň öldürilendigini mälim etdi.


Her nähili-de bolsa, ahyrky netijede "Talyban" žurnalistleri goramalydyr diýip, Owganystanyň Erkin metbugatyna goldaw beriji gullugynyň ýuristi Nasir Ahmad Nuri aýdýar.


“Owganystanda bolup geçýän ähli zatlaryň arkasynda Yslam Emirlikleri durýar. Eger olar jogapkärçilige çekilmese, ýagdaý şeýle dowam eder. Habar beriş serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün edip bolmaz, olar biri-biriniň yzyndan ýapylarlar" diýip, Nasir Nuri Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net