Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmen häkimiýetleri VPN ulanýan raýatlara basyşlaryny güýçlendirmäge "taýýarlanýar"

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri sebitde VPN ulgamlaryndan peýdalanýan raýatlara garşy çärelerini we basyşlaryny has-da güýçlendirmäge taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň welaýatdaky edarasyndaky çeşmesi habar berýär. Bu maglumat prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan çeşmämiziň maglumatlaryna görä, şu günler Lebabyň häkimiýetleri welaýatyň çäginde tölegli ýa tölegsiz VPN ulgamlaryndan peýdalanan raýatlaryň sanawyny düzýär.


"VPN ulanan raýatlaryň Internet ulgamy doly kesiler. Şeýle-de, olara garşy başga-da berk çäreler görmek barada maslahat edilýär. Bularyň arasynda VPN ulgamyndan peýdalanan raýaty işinden kowmak ýa gara sanawa goşmak, şeýle-de olaryň çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul etmezlik ýaly çäreler bar" diýip, çeşmämiz 19-njy ýanwarda beren maglumatynda aýtdy.




Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligindäki “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýeke-täk Internet üpjünçisidir.


Çeşmämiz şu günler welaýatda raýatlaryň öýlerine, ýagny öý telefonlaryna Interneti birikdirmek işleriniň hem tas doly togtadylandygyny belleýär.


"Şu ýyla geçip, ýagny 2022-nji ýylyň başyndan bäri Lebapda ýekeje öý telefonyna hem Internet çekilmedi. Mart aýyna çenli hiç bir raýatyň öý telefonyna Internet geçirmezlik barada ýokardan ýörite tabşyryk berildi" diýlip, çeşmämiz sözüne goşdy.


Şeýle-de, ol geçen ýylyň soňky üç aýynyň dowamynda welaýat boýunça diňe bäş sany hojalyga WiFi hyzmatynyň birikdirilip berilendigini we munuň edaranyň taryhynda raýatlaryň öýüne iň az WiFi çekilen üç aý bolandygyny hem aýtdy.


"Öňden Interneti bar bolup, emma üç aý töleg geçirip bilmedik raýatlaryň Internetleri kesilýär. Bu ýagdaýlar müşderiler bilen kompaniýanyň ýerlerdäki resmileriniň arasynda dawanyň döremegine getirdi" diýip, çeşmämiz belledi.


Ol şu ýylyň dowamynda WiFi hyzmatyndan peýdalanýan raýatlaryň 60%-niň Internetini doly kesmek barada maslahat edilýändigini hem sözüne goşdy.


Azatlyk bu aýdylanlar barada “Türkmentelekomyň" welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki edarasynyň Internet hyzmatlary bölümi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 19-njy ýanwarda sagat 14:00-17:30 aralygynda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.




Bu maglumat goňşy Gazagystanda bolan protestleriň fonunda, prezident Berdimuhamedowyň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.


Döwlet baştutany bu tabşyrygyny 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde mälim edip, ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini we olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini hem talap etdi.


Berdimuhamedowyň bu çykyşyndan soň, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda ilata berilýän Internetiň çäklendirilýändigi we mobil aragatnaşyk ulgamynyň kadaly işlemeýändigi barada hem maglumatlar gelip gowuşdy.


Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky setirlerde ýerleşdirilýär we türkmen režimi Interneti berk çäklendirmekde tankyt edilýär.


Ýurtda Facebook, Twitter, YouTube ýaly sosial platformalar, WhatsApp, Telegram, Viber ýaly messenjerler, şeýle-de, döwlet gözegçiligindäki saýtlardan daşary ençeme habar saýtlary petikli saklanýar. Bu saýtlardan peýdalanmaga isleg bildirýän raýatlar VPN ulanmaga mejbur bolýar.


Türkmenistanyň “Aragatnaşyk hakyndaky”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky” we “Maglumat we ony goramak hakyndaky” kanunlarynda VPN ulgamlaryndan peýdalanmak we onuň düzgünleri barada hiç zat aýdylmaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net