Nazarbaýew wideoýüzlenmesinde 'elitada gapma-garşylyk ýok, men dynç alyşda' diýýär
Ol ýurduň elitasynyň arasynda hiç hili konfliktiň ýa-da gapma-garşylygyň ýokdugyny öňe sürdi we şeýle ýagdaý barada ýaýradylan myş-myşlary esassyz diýip atlandyrdy.
Şeýle-de Nazarbaýew 2019-njy ýyldan bäri pensiýa, dynç alşa çykandygyny we häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagtynda “dynç alýandygyny" aýtdy.
Wideonyň nirede we haçan ýazgy edilendigi entek belli däl.