Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


"Ol öz halkyny atmaz ýaly, jemgyýete maglumaty bermeli". Näme üçin Gazagystanyň hökümeti proteste çykanlara "terroristler" diýýär

Gazagystanda onlarça şäherde birnäçe günläp köpçülikleýin demonstrasiýalar dowam etdi. Onuň merkezi Almaty boldy, sebäbi geçen çarşenbe güni demonstrantlar şäher häkimliginiň binasyny, howa menzilini ýapdylar, olar polisiýa binalaryna we prezidentiň kabulhanasyna hüjüm etdiler. Ýurduň häkimiýetleri demonstrantlary "terrorçylar" diýip atlandyrdylar. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew goşuna we hukuk goraýjy edaralara duýduryş bermezden “terrorçylary ýok etmäge” buýruk berdi. Şeýle hem Gazagystana Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) agzalary bolup durýan döwletleriň goşunlary girizildi.


Häkimiýetler terrorçylyk baradaky tezisi nireden aldylar we soňky döwürde Belarusda geçirilen demonstrasiýalar babatynda Tokaýew bilen Lukaşenkanyň çykyşlarynda umumylyk barmy? Bu barada Häzirki zaman telekanaly Moskwadaky Karnegi merkeziniň ylmy maslahatçysy hem-de Merkezi Aziýa we Hytaý boýunça bilermen Temur Umarow bilen gürrüňdeşlik geçirdi.


–​ Siz Gazagystanda protestiň döremeginiň geň däldigini, beýle zatlaryň ýygy-ýygydan bolýandygyny aýtdyňyz. Geň tarapy; ol nähili beýle giň ýaýbaňlanyp bildi? Onuň çäkden çykmagynda, nähilidir guramaçylyk boldumy? Nämeleriň bolup geçýändigi häzir mälimmi?


– Meniň göwnüme bolmasa, her kim bu soraga anyk jogap agtarýan ýaly, ýöne jogap ýok. Bar zat hemişeki ýaly çylşyrymly. Meniň pikirimçe, üns bermeli birnäçe faktor bar, esasy zat radikallaşma hakykatdanam Almatyda bolup geçdi. Ol ýerde ýurtda bolýan wakalardan nägile adamlar bardy. Aýratyn-da, daşardan gelen, maliýe ýagdaýy ýaramaz bolan ýaşlar. Ýöne olaryň hereketini belli bir syýasy topar utgaşdyrdymy, onuň aňyrsynda belli bir adamyň bardygy ýa-da ýokdugy – bu henizem bulaşyk bolmagynda galýar, olar hakda entek hiç kimde takyk maglumat ýok.


Ýöne takyk bir zady aýdyp boljak, ol parahatçylykly garşy duruş aksiýasyna meňzemeýär. Adamlaryň uly merkezleri nädip ele alýandyklary barada köp sanly wideo peýda boldy.


–​ Demonstrantlar howa menzilini aňsatlyk bilen ele geçirmegi başardylar. Bolýan zatlar barada bularyň hemmesiniň Tokaýewiň haýsydyr bir çylşyrymly oýny, häkimiýeti öz eline geçirmek ýa-da köşk agdarylyşygydygy baradaky plan diýen pikirler eşidilip başlandy. Şeýle teoriýa hakykata laýyk gelýärmi?


– Bu teoriýalaryň döremeginiň logikasyna düşünýärin. Kimdir biri muny Tokaýew etdi diýýär, kimdir biri umuman Nazarbaýew diýýär. Kimdir biri munuň Nazarbaýew gatnaşmazdan, onuň töwereginiň işidigini aýdýar. Kimdir biri muny ýokary derejeli jenaýat topary diýýär. Kimdir biri bu Hytaý diýýär, şeýle pikirlerem bar. Ýöne meniň üçin bu ýagdaý birneme ýaşyryn.


Siziň aýdyşyňyz ýaly, Tokaýew diýlip öňe sürlen teoriýa barada aýtsak, birneme hakykata gelmeýän ýaly. Hawa, hakykatdanam bar zat laýyk gelýär: krizisden soň Tokaýew öz pozisiýasyny berkitdi hem Nazarbaýewiň uzak wagtlap saklanjak – tä ölýänçä elinde bolmaly wezipesini aldy – ol Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy. Ol bu wezipäni alyp, öz güýjüni berkiden syýasatçy we hakyky lider, hakyky mirasdüşer hökmünde, krizisden ýeňiji çykdy.


Şeýle-de bolsa, aslynda bu krizis bolmazdan, ony amala aşyryp bolardy. Gödegräk aýdylanda, birneme garaşan bolsa, güýç ulanmazdan, takmynan, fiziki ýa-da biologiki taýdan, hökümet öz-özünden oňa geçip bilerdi.


Beýleki teoriýalar barada aýtsak, bularyň ählisi entek spekulýasiýa derejesinde bolup görünýär, sebäbi käbir teoriýalary tassyklamak ýa-da ret etmek üçin, obýektiw faktlar ýa-da ygtybarly çeşmelerden maglumat ýok. Bu zatlaryň hemmesi häzirlikçe howpsuzlyk güýçleriniň oňa gözegçilik edip bilmänsoň, nägilelik gaty çäkden çykan ýaly. Hut şonuň üçin Tokaýew KHŞG ýüzlendi. Belki, bu gahar duýgusy bilen bir pursatda edilendir. Belki, şol pursatda ýagdaý şeýle bir ýitileşip, ol elindäki bar güýjüni orta atmaly bolandyr. Ýöne men munuň subutnamasyny berip bilemok.


– Soňky birnäçe günüň dowamynda Tokaýew: terrorçylar ýok ediler, öldürmek üçin buýruk berildi diýen sözleri gaýtalady. Eger ol häkimiýet başynda galsa, bu onuň jemgyýet bilen gatnaşyklaryna nähili täsir eder? Munuň özi oňyn ýa-da ýerlikli ritorika bolmasa gerek.


– Bu düýbünden pozitiw ritorika däl, ýöne Tokaýewiň ol ýagdaýdan özüni alyp çykmaga gaty köp çäresi galmandy. Oňa şol wagtda ýagdaýy halka hakykatdanam halkara terroristleri hökmünde aýtmak möhümdi, oňa öz halkyna garşy ok atmaýandygyny, terroristlere garşy ok atýandygyny aýtmak gerekdi. Russiýa hem terroristleri ýok etmek üçin geldi. Munuň barysy oňa ýaragsyz parahatçylykly demonstrantlary atmakda, özüni jemgyýetiň günäkärlemezligi üçin gerekdi.


Muny 2022-nji ýylda etmek, 2011-nji ýyldakydan has kyn. Häzirki wagtda her kimiň telefony bar we sosial mediada wideolar kän. Şoňa laýyklykda, aç-açanlyk ähli derejelerde: syýasatda, jemgyýetçilik durmuşynda – ähli ugurlarda bar. Bolup geçýän wakalara bütin gazak jemgyýetini öz aýdyşy ýaly derejede ynandyrmak gaty kyn bolar, ýöne onuň başga çäresi ýok, ol muny eder.


Günbatar hakda men muny eşitmedim. Günbatar eýýäm Russiýanyň gaýtalaýany. Munuň rus täsiri bolmagy gaty ähtimal. Günbatar barada aýdylanda bolsa, “aktiwistiň hasraty”, žurnalistler barada galp maglumatlar we beýlekiler bar. Ýöne terroristleriň nireden gelip çykandygy barada, takyk maglumat bermedi, belki, oňa öwrüm üçin amatly wagt gerekdir.


Her niçigem bolsa, Owganystan bar, onuň geçen ýyldaky üstünligi häzir Tokaýew üçin amatly. Islendik halanmaýan ýagdaý üçin, Owganystany tutaryk edip, hemmesiniň şol ýerden gelendigini aýdyp bilerler.


–​ Bir ýarym ýyl mundan ozal Aleksandr Lukaşenka Belarusda geçirilen soňky köpçülikleýin demonstrasiýalarda, daşary ýurt güýçlerini prowokasiýa etmekde aýyplap, şuňa meňzeş beýanatlar berdi.


– Siziň näme hakda aýtmakçy bolýanyňyza düşünýärin, ýöne bu ýerde Lukaşenkanyň Belarusyň ýagdaýy barada aýdýany bilen Tokaýewiň sözüniň arasynda uly tapawut bar, ol sözleri awtokratlaryň kime gönükdirip aýdýanynda. Tokaýew daşardan gözegçilik edilýän terrorçylaryň bir topary hakda aýdýar. Olaryň kimdigi, nädip ol ýere barandyklary we beýlekiler entek belli däl. Umuman aýdylanda, ähli ýurtlar we jemgyýetiň agzalary tarapyndan terroristler ýaramazlyk idealy hökmünde kabul edilýär. “Ýok, aslynda terroristler gowy bolýarlar" diýip, hiç bir adam aýtmaýar. Şeýle pikir hiç ýerde ýok.


Lukaşenka meselesinde aýtsak, ol takyk Günbatary görkezip: "Görüň, bularyň barysy SRU-nyň agentleri we başga birleri" diýdi. Belarus Günbataryň Russiýa aralaşmagy meselesinde, şeýle goragçy boldy. Bu teoriýa hakyky däldigi üçin, Belarusyň jemgyýetinde-de, halkara jemgyýetçiligine-de gaty uly minus bardy. Bu ýerde teoriýa has ygtybarly, şeýle hem köp adamyň akylyny bulaşdyrmaga ukyply.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net