Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


OpenDemocracy: Deňsizlik sebäpli Gazagystan ot içinde wagtynda, ýokary gatlagyň Londondaky baýlygy bitewi hem ygtybarly saklanýar

Suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli Gazagystanda hökümete garşy ýörişler birnäçe gün dowam eden wagtynda, OpenDemocracy media platformasy Gazagystanyň ýokary gatlagynyň Günbatarda, hususan-da Londondaky gozgalmaýan gymmat bahaly emlägine ünsi çekdi.


Barlagçy žurnalist Tomas Rowliniň Opendemocracy.net sahypasynda ýazmagyna görä, Gazagystany dolandyryjy elitanyň Londonda 530 million funt sterlinge durýan gozganmaýan kaşaň emlägi bar.


Geçen hepde Gazagystanda garşylyk çäreleri ilki bilen parahatçylykly demonstrasiýalar arkaly başlandy. Ikinji gezek işlenen arzan ýangyjyň – suwuklandyrylan gazyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy Gazagystanyň günbatarynda uly nägilelik döretdi.




Dörän bidüzgünçiliklerden soň, Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nazarbaýew tarapyndan gurlan we 1990-njy ýyldan bäri onuň dolandyryp gelýän ulgamyň çatlaýandygy barada pikirler döredi.


Hökümet baştutany wezipesinden çekildi, öňki lider Nursoltan Nazarbaýew ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesinden boşadyldy. Proteste çykanlar hökümetiň administratiw binalaryna girmäge synanyşdylar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň haýyşy bilen rus goşunlary ýurda girdi. Polisiýanyň ýerli wekiliniň aýtmagyna görä, Almaty şäherinde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan onlarça demonstrantçy atylyp öldürildi.


OpenDemocracy neşiriniň web sahypasynda çap edilen makalada, žurnalist Tomas Rowli Gazagystandan müňlerçe kilometr uzaklykda, Londonda Gazagystany dolandyryjy gatlaga degişli gozganmaýan emläk barada aýdýar. Analitik Chatham House kompaniýasynyň soňky hasabatyna görä, gazak elitasynyň Londonda azyndan 530,4 million funt sterlinge durýan kaşaň emläkleri bolmaly. Olardan 330 million funt sterling Nazarbaýew maşgalasyna degişlidir.


“Londonda Gazagystany dolandyryjy maşgalanyň şeýle köp mukdarda emläginiň bolmagy Beýik Britaniýanyň awtoritar režimiň hereketlerine gatnaşygynyň bardygyny görkezýär” diýip, leýboristler partiýasyndan, parlamentiň agzasy Margaret Hodge OpenDemocracy neşirine beren interwýusynda aýtdy.


Londondaky gozgalmaýan emläklerden bir bölegi Nazarbaýew maşgalasyndan; öňki prezidentiň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa we onuň ogly Nuraly Aliýewe, şeýle hem Nazarbaýewiň milliarder giýewisi Timur Kulibaýewe, Nazarbaýewiň gudasy, biznesmen Kaýrat Boranbaýewe degişli. Olaryň Londondaky meşhur “milliarderler köçesi” diýilýän Beýker-stritde hem-de Bişoplar şaýolunda ýerleşýän toplumdaky örän gymmatbaha gozganmaýan emlägi 140 million funt sterling hasaplanýar. 2007-nji ýylda Kulibaýew şazada Endrýunyň “Sunninghill Park” köşgüni satyn aldy we munuň üçin 3 million funt sterling gowrak töledi.


Nazarbaýew maşgalasynyň emlägi öňräkden Beýik Britaniýanyň hukuk goraýjy guramalarynyň ünsüni özüne çekipdi. 2020-nji ýylda Angliýanyň jenaýata garşy Milli gullugy Nazarbaýew maşgalasynyň üç sany örän baý emlägini tussag etdi hem jaýlaryň we köşkleriň Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewisi Rahat Aliýewden "jenaýatçylykly ýol bilen" gazanan pulundan satyn alnandygyny öňe sürdi.


Britan häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen ol üç emläk ofşor kompaniýalarynda hasaba alnypdyr. Onuň eýeleri Dariga Nazarbaýewa hem onuň uly ogly Nuraly Aliýew bolup çykdy.


Iňlis metbugatynyň ýazmagyna görä, Angliýanyň jenaýata garşy Milli gullugy Highgate şäherindäki Denwood ýolundaky köşgi, 31 million funt sterlinge satyn alnan Çelsi sebitinde iki kwartirany, şeýle hem Bişoplar şaýolundaky 39 million funt sterlinge satyn alnan jaýy tussag etdi.


Netijede, Londonyň Ýokary kazyýeti derňew edaralarynyň Nazarbaýewleriň Londondaky emläginiň hapa pullary “ýuwmak” üçin satyn alnandygy baradaky derňewde getiren subutnamalarynyň “ynamly däldigini” aýdyp, ol işi ýatyrmak barada karar çykardy. Soňra Nuraly Aliýew: "Jenaýata garşy Milli gulluk meniň meýletin beren maglumatlarymy bilgeşleýin äsgermezlik etdi, esassyz delilleri öňe sürdi we kazyýet-derňew işini açdyryp, şol sanda meni, meniň maşgalamy hem ýurdumyzy kemsitdi" diýip beýanat berdi.


Nazarbaýew režimi bilen baglanyşykly we Angliýada gozgalmaýan emläge eýe bolan beýleki adamlar hem bellidir. Hususan-da, gazak mis baýlygynyň eýesi Wladimir Kimiň gyzynyň Londonyň abraýly “One Hyde Park” ýaşaýyş toplumynda 27,5 million funt sterlinge durýan kaşaň kwartirasy bar. Bank eýesi Aýgül Nuryýewa, bir wagtlar merhum Rahat Aliýew aýtmyşlaýyn, Gazagystanyň ilkinji maşgalanyň maliýe dolandyryjysy saýylýan zenanyň (Nuryýewa şol wagtda bu aýyplamany ret edipdi) Regents Parkda 5,6 million funt sterlinge durýan, gozgalmaýan emlägiň eýesidir.


“Bu 530 million funt sterlinge barabar emläk olara degişli gozganmaýan baýlygyň diňe bir bölegi bolup biler. Biz muny diňe Angliýada birnäçe iri emläk hakda “gelip çykyşy düşündirilmedik baýlyk” bilen baglanyşykly geçirilen derňewleriň maglumatyndan bilýäris. Belki, biziň bilmeýän zadymyz köp bolup biler" diýip, OpenDemocracy saýtynyň işgäri Tomas Meýn aýdýar.


Londondaky gozgalmaýan emläk eýeleri diňe Nazarbaýewe we onuň režimine ýakyn adamlara degişli däl. Bu nukdaýnazardan London ol režimi hem onuň garşydaşlaryny özüne çekýär. Olardan biri, soňky on ýylyň dowamynda Gazagystanyň hökümeti tarapyndan tutuş Ýewropada yzarlanýan Muhtar Ablýazow. Onuň Angliýada bäş sany gozganmaýan emlägi bar, olardan iki emläk her biriniň bahasy 18 million funt sterlinge durýar. Öz emlägi barada maglumat bermändigi üçin, ol Angliýadaky syýasy bosgun statusyndan mahrum edildi we häzirki wagtda Fransiýada ýaşaýar. Muhtar Ablýazow häzirki protestleri goldaýandygyny mälim etdi.


“Häkimiýet başyndaky elitalar, Nazarbaýew maşgalasy we olara ýakyn adamlar öz täsirinde bolan güýçlerden [gulluk wezipesinden] peýdalanyp, ägirt köp baýlyk gazandylar. Olar muny nebit we gaz pudagyna gözegçilik etmek arkaly amala aşyrdylar" diýip, Ekseter uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory we Chatham House hasabatynyň awtory Jon Heatherşaw aýdýar.


Jon Heatherşaw Gazagystanda bolup geçen soňky protestleriň sebäbini Nazarbaýewler maşgalasynyň we oňa ýakyn adamlaryň kaşaň durmuşy we baýlygy bilen baglanyşdyrdy. "Geçen ýyllar içinde Gazagystanyň halky bu durmuş ýoly barada maglumat alyp başladylar we netijede nägilelik döredi" diýip, Heatherşaw aýdýar.


29 ýyllap häkimiýet başynda oturan Nursoltan Nazarbaýewiň 2019-njy ýylyň mart aýynda wezipesinden çekilendigine garamazdan, döwlet baýlygyny halkyň bähbidine däl-de, elitanyň peýdasyna paýlamak ulgamy öz güýjünde galdy. Gözegçilik kompaniýasy KPMG-niň 2019-njy ýyldaky hasabatyna görä, Gazagystanyň ähli baýlygynyň deň ýarysyna diňe 162 adam eýeçilik edýär.


OpenDemocracy bilen geçirilen söhbetdeşlikde, gazagystanly žurnalist Dmitriý Mazorenko jemgyýetdäki deňsizligiň global pandemiýa döwründe hasam erbetleşendigini, ýurtdaky resmi milliarderleriň sanynyň dörtden, ýedi adama çenli köpelendigini aýtdy. Köpler bahalaryň ýokarlanmagy we inflýasiýanyň ösmegi netijesinde, ýaşamak üçin karz almaga mejbur boldular.


Bu tankydy ýagdaý Londona ýetip biljekmi, ol Angliýanyň hökümetine we hukuk goraýjy edaralaryna bagly bolsa gerek. Daşary ýurtlardan bolan emläk sanawlaryny barlamak güýjüni öz içine alýan maliýe aç-açanlyk çärelerini girizmek möhleti uzaldyldy. Bu öz gezeginde, hukuk goraýjy guramalara "gelip çykyşy görkezilmedik baýlygyň" eýelerine garşy barlag işlerinde, entek kän bir üstünlik gazanyp bilmedik guramalara Angliýadaky gazak elitasynyň beýleki emläklerini açmaga-da kömek eder.


“Beýik Britaniýa awtoritar döwletleriň elitalary tarapyndan öz çägine serişdeleriň aşa köp geçirilmegi meselesinde, jogapkärçiligi öz üstüne almaýar. Ol yzlar Britaniýanyň Wirgin adalaryndaky kompaniýalara alyp barýar, olaryň gizlin paýnamalary we Londonda köp millionlyk funt sterlinge durýan gozganmaýan emläkleri bar. Bu bolsa "Global Britaniýa" üçin utançly abraý” diýip, makalanyň awtory Tomas Rowli sözüni jemleýär.


Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net