Günorta Afrikanyň prezidentine COVID-19 ýokuşdy. Ekspertler güýçlendiriji sanjyma çagyrýar
Özüni ýarawsyz duýup başlan Ramafosa doly sanjym kabul edipdir. Ol özüne kesel ýokuşmagynyň adamlary sanjym kabul etmäge itermelidigini aýtdy.
“Sanjym keseliň agyrlaşmagyna we adamlaryň keselhana düşmegine garşy iň uly goraglylykdyr” diýip, ol aýtdy.
Günorta Afrika wirusyň omikron görnüşiniň esasy ojagydyr. Omikron ilkibaşda Günorta Afrikada ýüze çykarylaly bäri, dünýäniň onlarça ýurdunda tapyldy.
Bütindünýä saglyk guramasyna görä, deslapky barlaglar omikronyň deltadan has ýokançlydygyny hem-de waksinanyň täsirliligini azalýandygyny görkezýär, ýöne agyr kesele ýol açmaýar.
Muňa garamazdan, saglyk resmileri güýçlendiriji waksinanyň omikrona garşy ýokary goraglylyk üpjün edýändigini aýdýarlar.
“Her niçik-de bolsa, gowy habar: deslapky barlaglara görä, güýçlendiriji sanjym kabul edensoň, goraglylyk ýeterlik derejede ýokarlanýar welin, sanjym omikrona garşy gowy täsir edýär” diýip, ABŞ hökümetiniň saglyk hünärmeni doktor Antoni Fauçi ABC News kanalyna beren interwýusynda aýtdy.