ÝB Russiýanyň hakyna tutma “Wagner” toparyna garşy sanksiýa girizer
13-nji dekabrda Brýusselde duşuşýan ÝB-niň daşary işler ministrleri sekiz adama, “Wagner” toparyna we başga-da olar bilen ilteşikli üç edara garşy sanksiýa girizerler diýip, ÝB resmileri aýtdy.
Görüljek çäreler syýahat gadaganlygyny, toparyň Bileleşigiň çägindäki aktiwleriniň doňdurylmagyny hem-de ÝB edaralarynyň we şahsy taraplaryň sanksiýa girizilen topar bilen biznes etmeginiň gadagan edilmegini öz içine alar.
Günbatar hökümetleri Moskwany Ukrainada, Liwiýada, Siriýada, Sudanda, Mozambikde we Merkezi Afrika Respublikasynda bolan konfliktlerde “Wagner” toparyny ýarym harby güýç hökmünde ulanmakda aýyplaýarlar.
Russiýa hökümet bilen hakyna tutmalaryň arasynda ilteşigi ret edýär, hem-de olaryň söweş operasiýalaryna gatnaşandygyny görkezýän subutnamalara garamazdan, köplenç ýarym-harby güýçleri türgenleşdiriji ýa-da geňeşçi hökmünde suratlandyrýar.