Ykdysady, saglyk we sosial krizis: Men başga çykalga tapmadym, ejejan, meni bagyşla!
![Ykdysady, saglyk we sosial krizis: Men başga çykalga tapmadym, ejejan, meni bagyşla!](https://gdb.rferl.org/20501f15-c6b5-4a65-b8cb-7e3738b79f4e_cx0_cy43_cw100_w800_h450.jpg)
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis we giň ýaýran koronawirus ýokanjy Mary welaýatynda ilata agyr zarba urmagyny dowam etdirýär. Ogul-gyzyny ekläp bilmän ejiz galan eneleriň, maşgalany goldamak üçin ten söwdasy bilen meşgullanýan ýaş gyzlaryň, zibil dörýän we dilegçilik edýän raýatlaryň görnetin köpelmegi, ykdysady we saglyk krizisiniň getiren çökgünligine hem-de sosial krizise şaýatlyk edýär.