Orsýet Owganystandaky ýagdaýlar babatynda häzir güýç mazamlamak zerurlygyny görmeýär
"Owganystandaky ýagdaý KHŞG tarapyndan hemişe-de ara alnyp maslahatlaşylýardy, ýurtlar geňeşýärdi, beýanat edýärdi" diýip, rus resmisi Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda žurnalistler bilen söhbetdeş bolanda aýtdy.
Şeýle-de ol Orsýetiň Gazagystan bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirýändigini belledi.
Pankin “KHŞG-nyň wezipesiniň günorta sepgitleri, ozaly bilen hem Täjigistany we Türkmenistany goramakdan ybabatdygyny” nygtady diýip, döwlet eýeçiligindäki habar gullugy ýazýar.
"Eger-de siz has berk çäreleri göz öňünde tutýan bolsaňyz, muňa zerurlyk dörese, hudaý saklasyn, biz gaýtawul bereris. Häzirlikçe güýç mazamlamak göz öňünde tutulmaýar" diýip, rus diplomaty TASS-yň soragyna jogap berende aýtdy.
Bu ýyl Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Duşanbede geçirjek duşuşygyna Türkmenistanyň prezidentiniň hem gatnaşjakdygy habar berilýär.
Berdimuhamedow bu guramanyň ýygnanyşygyna mundan öň hiç wagt gatnaşmandy.