Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


"Meniň uýam, sen düýnem diridiň ahyryn..." Şymkendiň morgynyň alnynda uly nobat emele geldi

Gazagystanyň Şymkent keselhanasynyň morgyna ölen ýakynlarynyň jesetleri üçin gelen adamlar nobata durmaga mejbur bolýarlar. Işgärleriň aýtmagyna görä, ölenleriň köpüsi koronawirus ýokançlygy bilen baglanyşykly, medisina işgärleriniň jesetleri barlamaga we çykaryp bermäge wagtlary ýetenok. Şäheriň saglygy goraýyş bölümi morgda işlemek üçin, goşmaça lukmanlaryň işe alynýandygyny habar berdi.


«EJEMI ÝITIRDIM, AÝALYM ÖÝDE KESEL»

Gazagystanyň Türkistan sebitiniň saglyk bölüminiň patoanatomiki býurosy şäheriň Nursat etrapçasynda ýerleşýär. Bu ýer Şymkentdäki we sebitiň beýleki keselhanalardan ýogalanlaryň jesedini kabul edýän döwlet edarasydyr.


13-nji awgustda bu ýerde adam köp jemlendi. Mundan hem aýylganç ýagdaý bir gatly kiçijik binanyň howlusynda göze ildi: gapynyň alnynda, ak mata örtülen jesetler ýerde ýatyrdylar.




Morgdaky jesetleriň köpüsi koronawirus ýokançlygynyň täsirinden ölenler bolmaly.


Orta ýaşly bir adam Kazygurt etrapçasynda ýaşaýandygyny aýdýar. Onuň 80 ýaşly ejesi bir gün öň kowidden ýogalypdyr. Bir hepde töweregi öýünde bejergi alansoň, keselhana ýüz tutupdyrlar. Garrynyň öýkeniniň 70%-i zaýa bolanynda, ol aýal şondan ölüpdir.


— Men gorkýaryn. Meniň bäş çagam bar. Indi aýalym syrkaw, ol öýde ýatyr. Onuň gyzgyny peselmeýär. Biz Tiz kömegi çagyrdyk, ýöne hassahanalarda ýeriň ýokdugyny aýtdylar – Olpoliklinikanyň wraçlarynyň ýazyp beren dermanlaryny satyn alyp, öýlerine alyp barýandygyny aýdýar.




Gürrüňdeşimiziň aýtmagyna görä, ol bu ýere ejesiniň ölendigi barada şahadatnama almaga gelipdir, şonuň üçinem bu ýerde birnäçe sagat garaşyp otyr.


— Men ertirden bäri otyryn. Bu gaty kyn ýagdaý – diýip, ol gynanç bilen başyny ýaýkaýar.


Beýleki iki adam ölen garyndaşynyň jesedini alyp gitmek üçin awtoulagda garaşýarlar. Olaryň biriniň sözlerine görä, 52 ýaşly erkek dogany 15 gün bäri kowid keseli bilen keselhanada ýatan eken. Şu gün irden onuň ýogalan habaryny alypdyr.


— Koronawirusdan ýogalansoň, jesedini öýe alyp gitmäge rugsat berilmedi. Bu ýerde ony ýuwup, jaýlamaga taýýarlaýarlar. Bu ýerden ony göni gonamçylyga äkideris – diýip gürrüň berýär.




Morgyň golaýynda jesetleri äkitmek üçin awtoulaglar we ýük ulaglary durlar. Binanyň bir gapdalynda ölüleri getirip-çykarýan ýörite gapy bar. Bäş jeset bu gapynyň golaýynda ýerde ýatyrlar, ýene bir jeset sürülýän arabajygyň üstünde ýatyr. Olardan bir jeset Tiz kömek işgäriniň geýiminde, galanlary ak mata bilen örtülipdir. Olaryň ählisini polietilen bilen örtüpdirler.


— Bu jesetleriň ählisi irden getirildi. Içerde ýer ýok, şonuň üçinem daşarda goýdular – diýip, bir işgär aýdýar.


«JAÝLAMAGA ÝETIŞMEÝÄRIS»

Ýakynlarynyň jesetlerini almak üçin ýygnananlaryň arasynda ümsümlik höküm sürýär. Olaryň hemmesi maskaly, ellerinde-de ellik bar. Aýallar bolsa gözýaşyny ýaşyrmaýarlar.


"Bu nähili beýle boldy?", "Bu nähili döwür boldy?! Biz ejem bilen hoşlaşybam bilmedik ", "Gara bagtym, indi men näderin?!”, "Sen gaty ýaş ahyryn, nirä howlukdyň?.." Olar aglaýarlar.


Birdenem erkeklerden biri saklanyp bilmän, morgyň işgärleri tarapyndan ýaňy çykarylan jesede özüni atdy.


"Meniň uýam, doganym, sen düýn hem diridiň ahyryn..." diýip, gözýaşyny ýuwudýar.


— Häzir 35 jeset jaýlanmaga taýyn. Olaryň köpüsi hristianlar. Merhumyň garyndaşlary jaýlanyş üçin zerur zatlary hem bir kagyz getirýärler. Şol ýere merhumyň ady we garyndaşlary ony haçan alyp gitjekdigi ýazylýar. Jesedi alyp, ýuwup, doňduryja salýarys. Adamlar onuň yzyndan geleninde berýäris. Garyndaşlary musulman kanunlaryna görä jaýlamak isleýän bolsa, jesedi günortadan öň alnyp gidilýär – diýip, morguň işgäri aýdýar.




Koronawirusdan ölenleriň derrew gonamçylyga äkidilýändigini, adam jaýlaýyş gullugynyň işgäri Azatlyk Radiosyna tassyklady. Merhum bilen hoşlaşmak isleýänleriň köpüsi gonamçylykda garaşýarlar.


— Geçen ýylyň şu döwürde hem adam köp ölüpdi. Günde 80-den gowrak jesediň bu ýerden çykarylýan günleri bardy. Bu ýyl morga diňe koronawirusdan ölenler getirilýär – diýip, bu edaranyň başga bir işgäri aýdýar.




«URŞUŇ ÖŇ HATARYNDA ÝALY»

Şymkent şäher häkimliginiň saglyk bölüminiň ýolbaşçysy Bakytžan Pazylow Azatlyk Radiosyna wraçlaryň "urşuň öň hatarynda ýaly” işleýändiklerini aýtdy. Şymkendiň morgyna diňe bir şäherden däl, eýsem Türkistan sebitinden hem ýogalanlaryň getirilýändigini mälim etdi. Şäherde koronawirusdan her günde ortaça 15 adam ölýär.


Pazylowyň sözüne görä, koronawirusa ýolugan, agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilen ýa-da ölenleriň hiç birine howply wirusa garşy sanjym edilmändir. Bu ýyl ýaşlaryň arasynda ýokanç keselleriň sany köpeldi, ýöne ölýänleriň köpüsi 70 ýaşdan uly toparda. Şuňa meňzeş keselleri bolan adamlar 10-15 gün öýde bejergi alanlaryndan soň, agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilýär diýip, şäheriň baş lukmany aýdýar.




Şymkentdäki epidemiologiki ýagdaýa gözegçilik edaranyň habaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri koronawirus bu şäherde 25 müňe golaý adama ýokaşypdyr. Iýul aýynyň başyndan bäri Şymkentde koronawirusdan 300-den gowrak adam ýogalypdyr.


Sosial ulgamy ulanyjylar beýleki birnäçe şäherdäki morglarda-da nobatlaryň bardygyny habar berdiler.


Gazagystanda soňky aýlarda bu keseliň öjügýändigi aýdylýar. Iýul aýynda Gazagystanda koronawirusdan ölenleriň iň köp sany hasaba alyndy. Bilermenler muny has ýokanç we howply hasaplanýan delta ştammynyň ýaýramagy bilen baglanyşdyrýarlar.


Gazagystanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, pandemiýa başlaly bäri 7313 adam oňyn koronawirus synag netijeleri bilen ýogaldy. Mundan başga-da, öýken pnewmoniýasyndan 3995 adam öldi. Bu statistika başgarak sebäpler bilen ölenleriň sany alynmaýar. Sebäbi koronawirus bilen baglanyşykly komissiýalar ölüme beýleki keselleriň sebäp bolandygy baradaky netijäni öňe sürýärler.


Gazagystanda ilata fewral aýynda koronawirusa garşy sanjym edilip başlandy. Şu güne çenli ilkinji komponent ýurtda alty milliondan gowrak adama immunizasiýa etdi. Bulardan 4,6 milliondan gowrak adam sanjymyň ikinji dozasyny aldy.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net